Bilelikde hereket etmek bilen

20 Oktýabr 2021
928

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaşlar babatda edilýän aladalarda ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň aýdyň şöhlelenmesini görýäris. Ýaşlara zamanabap bilim-terbiýe bermek, olaryň ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Welaýatymyzda binagärlik babatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, häzirkizaman ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Milli ýol-ýörelgelere esaslanyp, bilim we terbiýe bermek işinde bilim-terbiýeçilik edaralary bilen maşgalanyň özara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar. Çaga gündelik özleşdirýän bilim we terbiýeçilik maglumatlarynyň maşgala agzalary tarapyndan gyzyklanma bilen çemeleşýändigini duýup durmalydyr. Şonda çaganyň gündelik özleşdirýän bilim-terbiýeçilik maglumatlary bilen öýde öwrenýän maglumatlarynyň many-mazmun babatda biri-birine gabat gelmegi gazanylmalydyr.

Maşgala bilen mekdebiň arasynda şunuň ýaly sazlaşykly bilim-terbiýeçilik gurşawynyň döredilmegi çaganyň zehininiň, ukybynyň, başarnygynyň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý çaganyň mekdepde öwredilýän bilim maglumatlaryny özbaşdak giňeltmek, çuňlaşdyrmak babatda dogry ýola düşmegine we soňy bilen ylym ýoluna düşmegine itergi berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir ýurduň geljegi onuň ýaş nesli bilen baglanyşyklydyr. Ýaş nesliň geljegi bolsa şol ýurduň mugallymlarynyň elindedir» diýip belleýär. Bu jümleler mugallymlaryň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Olary ýerine ýetirmekde hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýan kitaplarymyza öwrülip, biz üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Bu eserlerde ata-enä hormat goýmak, agzybirlik, halallyk, wagtyňy tygşytly ulanmak we her günde nähilidir bir täze zat öwrenmek, hemişe ýagşy umytda bolmak, kynçylyklardan baş alyp çykmak, ahlak we hukuk kadalaryna eýermek, il-ýurduň bähbidini ileri tutmak ýaly ýagşy görüm-görelde taryhy we durmuşy wakalaryň, tejribeleriň üsti bilen öwüt-ündew edilýär.

Haldurdy HEMRAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Çärjew etrabyndaky ilkinji guramalaryň başlyklarynyň geňeşiniň hünärmeni.