Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamlaryny yzygider ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwre çenli ýaşlara döwrebap bilim, asylly terbiýe bermek işinde baý tejribe toplanyldy. Şonuň üçin hem jemgyýetimiz sagdyn, ýaşlarymyz kämil ylym-bilimli diýip aýratyn belläp bolar. Sagdyn jemgyýetiň esasyny, elbetde, ruhy we ahlak gymmatlyklary özünde jemlemegi başarýan kämil şahsyýetler, ýagny ýurt raýatlary düzýär. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr» diýip, jemgyýetimiziň ösüşiniň ylma, bilime baglydygy barada anyk kesgitleme bermek bilen, şu möhüm işi döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Turuwbaşdan ýurduň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bu babatda dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny durmuşa giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm resminamalar we wajyp maksatnamalar kabul edildi. Şeýlelikde, dünýä ylmynyň gazanan döwrebap usullary, şonuň bilen hem birlikde halkymyzyň milli medeniýetinden gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ýaş nesli terbiýelemek babatda amala aşyrylan özgertmeler, garaşylyşy ýaly, öz oňyn netijesini hem berýär.
Ýaşlara döwrebap bilim bermek üçin ilki bilen olaryň milli, kämil terbiýe almagyny gazanmaly. Terbiýe meselesi iňňän jogapkärli işdir. Nesil terbiýesi diýlende, adatça, çagalar bagyna gatnaýan körpeler ýa-da kiçi ýaşly mekdep okuwçylary göz öňüňe gelýär. Ýöne terbiýe diýen düşünjäniň örüsi örän giň. Ol ynsanyň ýaş aýratynlygyna känbir parh hem goýup duranok. Ynsan bütin ömrüniň dowamynda terbiýe mekdebinde tälim alýar. Kämilligiň, bilimiň çägi ýok bolsa, terbiýäniň hem çägi ýokdur. Bu günki talyp — ertirki hünärmen, ertirki terbiýeçi we mugallym. Ol geljekde ata Watanymyzyň dürli pudaklarynda öz ele alan hünäri boýunça zähmet çekmeli, bilim öwretmeli hem-de terbiýe bermeli, mahlasy, jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynda iňňän möhüm orun eýelemeli adamdyr. Şonuň üçin onuň bilimli, giň gözýetimli, ösen aň-düşünjeli, öz käriniň hakyky eýesi bolmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi zerurdyr.