Bilimli nesil — geljege şamçyrag

20 Oktýabr 2021
926

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmek hem-de dünýä derejesine çykarmak maksady bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan gatnaşyk saklanyp, maksatnamalaýyn işleriň birnäçesi alnyp barylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym-bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri we daşarky syýasaty netijesinde Diýarymyz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýaş nesliniň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalaryny edýär. Watanymyzda ähli ulgamlary, aýratynam, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterler gowşurylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän bu kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilendigi aýratyn buýsançlydyr.

Ýazgül HALMYRADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.