"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Bagtyýar nesliň aýdyň geljegi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegini üpjün etmekde ähli şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk netijeliligini ýokarlandyrmak döwrüň esasy talaby bolup durýar. Şunda hormatly Prezidentimiz döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdepleriň birnäçesini ýylyň-ýylyna sowgat edýär. Bar bolanlarynyň durky täzelenip, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýaşlarymyz döwrebap mekdeplerde bilim, terbiýe alýarlar. Mugallymlar olara iň kämil iş usullaryndan peýdalanyp, netijeli bilim bermäge çalyşýarlar. Şunda sapaklaryň multimedia serişdeleri bilen guralmagy okuwçylaryň alýan bilimlerini kämilleşdirmeklerinde, sapaga bolan höwesini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Döwrebap görnüşde guralýan her bir okuw sapagy okuwçylaryň okamagyna, öwrenmegine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna, giň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyz: «Sagdyn, bilimli-sowatly ýaşlar biziň röwşen geljegimiziň girewidir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alyp, biz — mugallymlar ýagty ertirlerimiziň eýelerini sowatly ýaşlar edip ýetişdirmek üçin döredijilikli zähmet çekýäris.

Okuwçylara iňlis dilini öwretmekde ygtybarly usullar

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde goýulýan ilkinji wezipe onuň sapakda guramaçy hökmünde çykyş etmegidir. Beýle diýildigi, mysal üçin, iňlis dili dersi boýunça ilkinji düşünjeleri okuwçylara öwretmek we olaryň ünsüni çekmek, sapakda ýadamazlygyny gazanmak möhümdir. Esasan hem, mugallym başlangyç synplarda iňlis dili sapaklaryny guramakda görkezme esbaplaryndan, oýunlardan ýerlikli peýdalanmak üçin irginsiz gözlegde bolmalydyr. Çünki mugallym okuwçynyň ýerine ýetirmeli wezipelerini, has takygy, olaryň täze tema bilen tanyşmagyny, şonuň esasynda-da dil we ýazuw ýumuşlaryny dogry hem dürs ýerine ýetirmekde yhlasly zähmetini, şolary özbaşdak peýdalanyp bilmegini guraýar. Sapakdan daşary (öý işi, özbaşdak işi) özbaşdak ýerine ýetirmeli işlerini yzygiderli guramak hem okuwçynyň höwesini artdyryp biler. Iňlis dilini öwrenende okuwçy, ilki bilen, onuň aýdylyşyny anyk eşidýär ýa-da ýazuwda grafiki şekilini görýär. Onuň predmet, hadysa, hereket bilen bagly manysy we ulanylyşy bilen tanyşýar. Sözüň şekili, manysy, ulanylyşy — her bir leksik ýa-da grammatik birligi özleşdirmegiň esasyny düzýär. Okuwçynyň sapakdaky pursatlarynda hem özbaşdak işleri tabşyryp, olara daşyndan gözegçilik etmek bolýar. Mugallymyň gözegçilik etmeginde okuwçylaryň öz üstünde işlemegi hem-de özüniň ýalňyşyny özi tapyp, düzediş girizip gitmegi u

Sözleýiş medeniýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen diliniň jemgyýetçilik hyzmaty örän uludyr. Türkmen dili döwlet dili bolmak bilen birlikde ol bilim-terbiýeçilik işinde hem esasy orun eýeleýär. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli ýokary we orta okuw mekdeplerinde sapaklar milli dilimizde alnyp barylýar. Şonuň üçin hem mugallym türkmen diliniň çeper, manyly sözleýiş usullaryny kämil bilmek bilen, okuw-terbiýeçilik işlerinde hem ulanmagy başarmalydyr. Çünki, ýaş nesil mugallymdan diňe bir diliň ýazuw gurluşy baradaky bilimleri däl-de, eýsem pikiri kabul etmegiň we beýan etmegiň inçe syrlaryny hem öwrenýär. Mugallym edebi dilde sözleýär we ýazýar. Türkmen edebi dilinde sözleýşiň birnäçe görnüşi bolup, olar sözleýiş stili diýlip atlandyrylýar. Olaryň düzümine janly gepleşik, ylmy, resmi iş, publisistik we çeper stiller degişlidir.

Kitap – ruhy hazyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär. Şöhratly taryhymyzda türkmen halkynyň döreden milli medeniýeti, gymmatly mirasy dünýä nusgalykdyr. Şeýle ajaýyp gymmatlyklar çeper edebiýatlarda hem, taryhy golýazmalarda hem saklanyp galypdyr. Şundan görnüşi ýaly, ata-babalarymyz kitap okamaga, ýazuw çeşmelerine aýratyn sarpa goýupdyrlar. Kitap okamak, ylymly-bilimli bolmak halkymyzyň asylly ýörelgesine öwrülipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň ylym-bilime, kitaba bolan sarpasy çuňňur many-mazmun bilen beýan edilýär. Bu kitapda şeýle diýilýär: «Ylym-bilime, pähimli ýaşamaga bolan söýgi ata-babalarymyzyň zandyna ornapdyr. Şu ýerde türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen sözlerini ýatlasak hem ýerlikli bolar. Il içinde alymlar bilen söhbetdeş bolmagyň sogaby barada hem tymsallar aýdylyp gelinýär». Ynha, şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, kitap okamak ynsanyň düşünjesini artdyrýar, dünýägaraýşyny ösdürýär we ylym-bilime giň ýol açýar. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlara kitap okamagy, kitabyň many-mazmunyna düşünmegi, ylymly-bilimli bolmagy wagyz edýäris.

Köptaraply zehiniň eýesi (Siziň deň-duşuňyz)

Yhlasy myrat tapýan okuwçylarymyzyň nobatdakysy hem Elnar Guljagazowadyr. Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 9-njy synpynda bilim alýan ýaş deň-duşuňyz heniz başlangyç synplarda döredijilik bilen gyzyklanan hem bolsa, soňlugy bilen dil öwrenmek, tebigy bilimleri içgin özleşdirip başlamak ony özüne çekýär. Diňe bir türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň däl, eýsem, daşary ýurt edebiýatynyň altyn hazynasyna giren nusgalyk eserleri hem şol eseriň «dünýä inen» dilinde okap başarmagy onuň döredijilik ukybynyň kämilleşmegine täsirini ýetirýär. Netijede, Elnar goşgudyr hekaýa ýazmak bilen meşgullanyp başlaýar. Metbugatda ilkinji goşgularynyň peýda bolmagy onuň çaga ýüreginden kemala gelen eserleriniň deň-duşlarynyň arasynda ykrar edilmeginden nyşan bolsa, şäherdir welaýat derejesinde geçirilýän baýramçylyk çärelerinde öz düzen goşgulary bilen çykyş edip başlamagy ata-enesiniň hem-de mugallymlarynyň ynamyny ödemegine getirýär. Diňe bäşlik bahalar bilen okap, bilimde hem gujuryny görkezen Elnar heniz kiçi ýaşlaryndaka Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň «Metaşkola» internet bäsleşiginde iňlis hem-de rus dilleri boýunça birnäçe gezek I we II orunlara mynasyp bolýar.

«Boljak oglan başdan belli»

Arzuwlar, ilki bilen, söze siňermiş. Sözden soň bolsa sese. Sen duýmasaňam, sesiňden şol arzuwlaryň ysy kükärmiş. Şeýdibem, matlabyň töwerege aýan bolar duruberermiş. Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň 4-nji synp okuwçysy Azym Atagarryýewiň arzuwlaram edil şu kysmy. «Arzuwlaryňyz siziň nämelere ukyplydygyňyz baradaky Hudaý tarapyn duýduryşlardyr» diýen söz Azymyň kiçijek ýüregine ýerleşen owazyň iň gowy düşündirişi bolsa gerek. Ol ähli zady ýüregi bilen görýär: baglaram, daglaram, güllerem, guşlaram... Ilki olary hyýalynda birkemsiz göz öňüne getirýär. Soňra ak kagyza suratlaryny çekýär. Saz döredýär, aýdym aýdýar, goşgy ýazýar. Onuň: «Ylham nädip gelýär?» diýen sowalymyza beren jogaby hoşuňa gitmezçe däldi.

Çagalyk dünýäsiniň joşguny

Welaýatymyzda çagalar baglarynyň körpeleriniň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açmakda asylly zähmetini gaýgyrmaýan doganlar Ýuliýa we Klawdiýa Popkowalary şäherimizde tanaýan köpdür. Bu iki doganyň adyna aýdylýan öwgüli sözler, olaryň işjeňligi, ugurtapyjylygy meni olar bilen ýakyndan tanyşmaga has-da gyzyklandyrdy. Şu maksat bilen olaryň iş ýerine bardym. 20 ýyl gowrak wagtdan bäri Türkmenabat şäherindäki 26-njy «Laçyn» çagalar bagynda körpeleri aýdym-saz we tans sungatynyň ilkinji basgançaklaryndan ätledýän bu güler ýüzli doganlaryň zähmetsöýüjiligi olaryň iş otagynyň ajaýyp bezeginden hem görnüp durdy. Emma gapydan giren badyma meniň ünsümi çeken zat başga boldy. Häzir bazarlarymyzda islendik harydyň taýýar görnüşiniň bardygyna garamazdan, otagdaky ähli bezegleriň, oýnawaçlaryň, enjamlaryň, hatda saz gurallarynyňam el bilen ýasalandygy görnüp dur. Işine söýgi we çyn ýüregi bilen ýapyşýan saz mugallymlary bilen söhbedimiz gyzygyp gitdi. Doganlar maňa çagalaryň arasynda guraýan sazly, reňkli, suratly oýunlary, ertekilerdäki gahrymanlaryň keşplerini janlandyryşlary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Görüp otursam, olar diňe bir körpelere aýdym-saz, tans öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň tans eşiklerini-de, gerek bolan haýwanlaryň keşplerini-de, tans bezeglerini-de öz elleri bilen taýýarlaýar ekenler. Soňra biziň täsin söhbetdeşligimizi aýdym-saz sapagyna höwes bilen ge

Geljegiň gapysy hünär bilen açylýar

Ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Mälim bolşy ýaly, Ýurtbaştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň ýoluny külterleýän ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge örän köp maýa goýumlary, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirildi. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň kuwwatyna baglydyr. Onuň kuwwatynyň artmagy bolsa ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň tagallasy bilen döwletimizde bolup geçýän uly ösüşler ylmyň-bilimiň gazananlaryna daýanýar. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Biz eýýäm ýurdumyzyň dürli künjeginde innowasion häsiýetli kärhanalaryň işe girizilendigini, olaryň önümleriniň eksportda uly paýynyň bardygyny buýsanç bilen synlaýarys. Ýurdumyzda geçen ýyllarda kiçi we orta kuwwatlykdaky döwrebap kärhanalaryň ýüzlerçesi ulanylmaga berildi. Olarda işleýänleriň köpüsi ýaşlardyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdebaryjy dünýä tejribesine we innowasion tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýetimizi kemala getirmäge gönükdirilen syýasatynyň dabaralanmagynda bilimli we hünärli ýaşlarymyzyň aýratyn orny bar. Innowasiýalar döwründe bilmek möhüm, bileniňi ulanmak ondan hem möhüm.

Kitap — durmuşyň aýnasy

Kitap — durmuşa, dünýä akyl ýetirmekde iň esasy çeşme, akyl-paýhas hazynasy bolup durýar. Ol her bir ynsanyň durmuş ýoluna ýagty saçýan çyrag, ynsanyň öz öňünde goýan maksadyna ýetmäge, ýaşaýşyň kötel ýollaryndan geçip, üstünlik gazanmaga ýardam berýän iň ygtybarly kömekçidir. Kitabyň gadyr-gymmatyna düşünen ynsan ony hiç wagt elinden düşürmeýär, özüne hakyky dost tutunýar, akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne sözlerinden öz durmuşynda duş gelýän kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç-kuwwat tapýar. Kämil döredijilik dünýäsiniň datly miwelerini halkymyza yzygiderli serpaý edýän hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary il-günümiziň hakyky ruhy baýlygyna öwrüldi. Ajaýyp kitaplary ýurdumyzyň her bir raýatynyň kämil derejede bilim almagy, döwrebap aň-düşünjäniň eýesi bolup, döwletimiziň ösüşine, abadan geljegi üçin alnyp barylýan asylly işlere mynasyp goşandyny goşmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligi, çuňňur parasata ýugrulan ajaýyp eserleri bahasyna ýetip bolmajak mekdep bolup durýar.

Kitap — kämilligiň gözbaşy

Türkmen halkyny eşretli we bagtly durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphana işini göwnejaý ýola goýmak ugrunda uly tagalla edýär. Kitaphana ylmyň we bilimiň ojagydyr. Gahryman Arkadagymyz kitaba uly sarpa goýýar. Milli Liderimiz öz ajaýyp eserleri bilen halkynyň egsilmez hormatyna mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylmy açyşlaryň, tehnologik oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe — geljegimiz bolan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň beýik ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleri özleşdirmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Yhlasyň bar ýerinde Ýaş nesliň sagdyn bedenli, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, akylly-paýhasly bolmagy ugrunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ençeme amatly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde ýaş nesli döwrümiziň talaplaryna laýyk terbiýeläp ýetişdirmekde, yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň görelde görkezýänleri sanardan köp. Şeýle mugallymlaryň yhlasly zähmeti bilen berilýän bilim ýaşlaryň zehinli bolup ýetişmegine uly itergi berýär.

Bilim

«7/24.tm», №47 (78), 22.11.2021. Žurnalymyzyň şu sanynda çap edýän materialymyz täze dörediLEn mOwzugyň astynda okyjylara hödürlenilýär. Okap, oňa baha bermek okyjylaryň paýyna düşýär.

Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek

Bilşimiz ýaly, ýaş şahsyýetiň terbiýesinde we kemala gelmeginde terbiýäniň her bir görnüşi we usuly uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz gadym wagtdan bäri ýaş nesliň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, dostluk, doganlyk, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegine möhüm ähmiýet beripdirler hem-de bu işde dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Biz muňa türkmen halk döredijiliginiň dürli žanrlary, nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň goşgulary, dessanlarymyz arkaly göz ýetirýäris. Olarda Watany söýmek, gözüň göreji ýaly goramak, gözelleşdirmek, ösdürmek ündelýär. Gowy zatlar, ýagşy häsiýetler hemişe oňlanylýar, goldanylýar, olara dowamat berilýär. Bu ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatda alanymyzda hem şeýledir. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagy arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Umumy okuw sapagynda hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Biziň üçin Watandan beýik gymmatlyk, halkymyzdan eziz düşünje ýokdur. Ata-babalarymyzyň «Towşana — dogduk depe», «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» ýaly dürdäne sözlerinde Watanyň gadyr-gymmaty, mukaddesligi örboýuna galýar. Sebäbi Watanyň her daban ýeri, her gysym topragy biziň üçin mukaddesdir».

Okuwçylaryň sowadyny artdyrmak

Çagalary başlangyç synplarda, has takygy birinji synpda okatmagyň we terbiýelemegiň özboluşly aýratynlygy bardyr. Bu döwürde çagalar bilen işlenilýän her bir pursady oýunlaryň üsti bilen işjeň alyp barmak esasy şert bolup durýar. Çagalar baglaryndan gelen körpeleri mekdep durmuşyna uýgunlaşdyrmak bolsa, her bir başlangyç synp mugallymyndan döredijilikli zähmeti talap edýär. Körpäniň mekdebe gatnap başlan ilkinji döwürlerinde mugallym olarda okamaga bolan höwesi oýarmaga çalyşmaly. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, başlangyç synplarda çagalara edebi diliň kada-kanunlaryna laýyk dürs ýazuw we sözleýiş başarnyklarynyň ilkinji düşünjeleri öwredilýär. Birinji synpda çagalara sowat öwretmek işini dogry guramak üçin mugallym sapagyň maksadyny saýlap almaga üns bermeli. Şunda esasy maksat çagalaryň her bir öwredilen harpy kynçylyksyz tanamagyny, dogry ýazmagyny, bogunlary düzmegini, okamagyny öwretmekden, sözleýiş dilini ösdürmekden ybarat bolup durýar. Olara okamagy we ýazmagy öwretmek üçin ilki sesler, seslerden bogunlary ýasamak öwredilýär.

Daşary ýurt dillerini öwretmekde nakyllaryň ähmiýeti

Nakyllar we atalar sözi her bir diliň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olar ençeme nesilleriň durmuş tejribesinden toplanan halk parasatyny, gündelik durmuşynda başdan geçiren hadysalaryny öz içine alýar. Şeýle-de gysga sözde çuňňur many aňladýandygy bilen halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar. Nakyllar we atalar sözi halkyň ruhy baýlygy we gymmatly hazynasydyr. Okuwçylara daşary ýurt dilleri öwredilende-de nakyllaryň we atalar sözüniň ähmiýeti zerurdyr.

Kämilligiň berk binýady

Türkmen halkynyň örän ir döwürlerden gözbaş alýan milli ýörelgeleri, terbiýe mekdebi bu günki gün ylmy esasda öwrenilýär. Şonuň üçin, her bir maşgalada ýaşlary terbiýelemegiň asylly ýörelgesi ýöredilýär. Ýaş nesliň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi maşgalanyň abraýy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady maşgaladaky tertip-düzgüniň ýola goýluşyndan gözbaş alýar. Çaganyň geljekki durmuşynyň bütin dowamynda maşgala terbiýesi ägirt uly orun tutýar. Türkmen halkynyň milli ýörelgesi, asyrlara uzap gidýän durmuş kadalary her bir maşgalada mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň üçin hem sagdyn ösen, edepli-tertipli, bilimli-düşünjeli nesil kemala gelýär. Çagany terbiýelemek çylşyrymly, üznüksiz zähmetdir hem-de çaganyň ömrüniň bütin dowamynda kämilleşdirilmäge degişli işdir. Terbiýe işine ata-eneler, maşgala agzalary, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, zähmet toparlaryndakylar, şahsyýeti gurşap alýan töwerekdäki beýleki göreldeli adamlar gatnaşyp bilerler, ýöne terbiýe meselesi gijikdirilmeli däldir. Çaga terbiýesi barada halk döredijilik eserlerinde we nusgawy edebiýatda örän köp sanly tymsallar getirilýär. Mysal üçin, Döwletmämmet Azada degişli edilýän bir tymsal bar. Mekdep ýaşyna ýeten çagasyny yzyna tirkäp, bir ene Garry mollanyň huzuryna getirýär-de: «Şu çagamyza edep bilen bilim beräýseňiz?!» diýýär. Akyldar oňa: «Bilim bereýin, çünki bu çaga bilim almak ýaşyna ýe

Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesle döwrebap bilim we asylly terbiýe bermek, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp gelen baý milli mirasyna, ýol-ýörelgelerine täze öwüşgin berip, okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden ulanmak asylly ýörelgä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir».

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2022/2023-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň tertibi

1. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. Okuwa öwrenilýän dalaşgärleriň ýaş derejeleri şu aşakda görkezilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär:

Döwrebap özgertmeleriň ugry bilen

Häzirki zaman dünýäsinde aragatnaşyk ykdysadyýetiň we jemgyýetiň telekommunikasiýa hyzmatlaryna bolan barha ýokarlanýan isleglerini üpjün etmäge niýetlenendir. Onuň ösüşi, köp babatda, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmäge, maglumat kabul etmek-ibermek infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar hyzmatlaryny ösdürmek ýurtda maglumat jemgyýetini kemala getirmäge, ilatyň, işewürligiň we döwletiň maglumat gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz ösüşiň döwrebap ugry hökmünde ýurdumyzyň sanlylaşdyrylmagynda ýaş hünärmenleriň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki ýaşlar döwrüň täze çagyryşlaryndan baş alyp çykýan we olary döwrebap ösüşlere ugrukdyrýan adam maýasyny emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmagyň köpçülikleýin habar beriş ulgamynda ileri tutulmagy häzirki zaman şertlerinde internet žurnalistikasynyň ösmegine itergi berýär.

Mugallymyň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, geljekde hakyky watançy, ynsanperwer, päk ahlakly, giň düşünjeli we halal adamlar bolup ýetişmegi ugrunda örän uly özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Prezidentimiz çagalaryň sagdyn bolmagy üçin uly aladalar edýär. Beden taýdan sagdyn, ruhubelent çagalar sapaklary özleşdirmekde hem kynçylyk çekmeýärler. Olaryň akyl taýdan işjeňligi has ýokary bolýar. Şonuň bilen birlikde-de, sport bilen meşgullanýan çagalara nazary bilimleri öwretmegiň käbir aýratynlyklarynyň bardygyny hem bellemek gerek.