Kitap – ruhy hazyna

23 Noýabr 2021
866

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär. Şöhratly taryhymyzda türkmen halkynyň döreden milli medeniýeti, gymmatly mirasy dünýä nusgalykdyr. Şeýle ajaýyp gymmatlyklar çeper edebiýatlarda hem, taryhy golýazmalarda hem saklanyp galypdyr. Şundan görnüşi ýaly, ata-babalarymyz kitap okamaga, ýazuw çeşmelerine aýratyn sarpa goýupdyrlar. Kitap okamak, ylymly-bilimli bolmak halkymyzyň asylly ýörelgesine öwrülipdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň ylym-bilime, kitaba bolan sarpasy çuňňur many-mazmun bilen beýan edilýär. Bu kitapda şeýle diýilýär: «Ylym-bilime, pähimli ýaşamaga bolan söýgi ata-babalarymyzyň zandyna ornapdyr. Şu ýerde türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen sözlerini ýatlasak hem ýerlikli bolar. Il içinde alymlar bilen söhbetdeş bolmagyň sogaby barada hem tymsallar aýdylyp gelinýär». Ynha, şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, kitap okamak ynsanyň düşünjesini artdyrýar, dünýägaraýşyny ösdürýär we ylym-bilime giň ýol açýar. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlara kitap okamagy, kitabyň many-mazmunyna düşünmegi, ylymly-bilimli bolmagy wagyz edýäris.

Gurbangül HOJAMYRADOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň bölümçe müdiri.