Çagalyk dünýäsiniň joşguny

22 Noýabr 2021
920

Welaýatymyzda çagalar baglarynyň körpeleriniň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açmakda asylly zähmetini gaýgyrmaýan doganlar Ýuliýa we Klawdiýa Popkowalary şäherimizde tanaýan köpdür. Bu iki doganyň adyna aýdylýan öwgüli sözler, olaryň işjeňligi, ugurtapyjylygy meni olar bilen ýakyndan tanyşmaga has-da gyzyklandyrdy. Şu maksat bilen olaryň iş ýerine bardym.

20 ýyl gowrak wagtdan bäri Türkmenabat şäherindäki 26-njy «Laçyn» çagalar bagynda körpeleri aýdym-saz we tans sungatynyň ilkinji basgançaklaryndan ätledýän bu güler ýüzli doganlaryň zähmetsöýüjiligi olaryň iş otagynyň ajaýyp bezeginden hem görnüp durdy. Emma gapydan giren badyma meniň ünsümi çeken zat başga boldy. Häzir bazarlarymyzda islendik harydyň taýýar görnüşiniň bardygyna garamazdan, otagdaky ähli bezegleriň, oýnawaçlaryň, enjamlaryň, hatda saz gurallarynyňam el bilen ýasalandygy görnüp dur. Işine söýgi we çyn ýüregi bilen ýapyşýan saz mugallymlary bilen söhbedimiz gyzygyp gitdi. Doganlar maňa çagalaryň arasynda guraýan sazly, reňkli, suratly oýunlary, ertekilerdäki gahrymanlaryň keşplerini janlandyryşlary barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Görüp otursam, olar diňe bir körpelere aýdym-saz, tans öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň tans eşiklerini-de, gerek bolan haýwanlaryň keşplerini-de, tans bezeglerini-de öz elleri bilen taýýarlaýar ekenler. Soňra biziň täsin söhbetdeşligimizi aýdym-saz sapagyna höwes bilen gelen çagalaryň şowhunly sesi böldi.

Merjen JORAÝEWA.