Kämilligiň berk binýady

21 Noýabr 2021
811

Türkmen halkynyň örän ir döwürlerden gözbaş alýan milli ýörelgeleri, terbiýe mekdebi bu günki gün ylmy esasda öwrenilýär. Şonuň üçin, her bir maşgalada ýaşlary terbiýelemegiň asylly ýörelgesi ýöredilýär. Ýaş nesliň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi maşgalanyň abraýy bilen kesgitlenýär. Terbiýäniň düýp binýady maşgaladaky tertip-düzgüniň ýola goýluşyndan gözbaş alýar. Çaganyň geljekki durmuşynyň bütin dowamynda maşgala terbiýesi ägirt uly orun tutýar. Türkmen halkynyň milli ýörelgesi, asyrlara uzap gidýän durmuş kadalary her bir maşgalada mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň üçin hem sagdyn ösen, edepli-tertipli, bilimli-düşünjeli nesil kemala gelýär.

Çagany terbiýelemek çylşyrymly, üznüksiz zähmetdir hem-de çaganyň ömrüniň bütin dowamynda kämilleşdirilmäge degişli işdir. Terbiýe işine ata-eneler, maşgala agzalary, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, zähmet toparlaryndakylar, şahsyýeti gurşap alýan töwerekdäki beýleki göreldeli adamlar gatnaşyp bilerler, ýöne terbiýe meselesi gijikdirilmeli däldir. Çaga terbiýesi barada halk döredijilik eserlerinde we nusgawy edebiýatda örän köp sanly tymsallar getirilýär. Mysal üçin, Döwletmämmet Azada degişli edilýän bir tymsal bar. Mekdep ýaşyna ýeten çagasyny yzyna tirkäp, bir ene Garry mollanyň huzuryna getirýär-de: «Şu çagamyza edep bilen bilim beräýseňiz?!» diýýär. Akyldar oňa: «Bilim bereýin, çünki bu çaga bilim almak ýaşyna ýetipdir, emma edep meselesinde birneme gijä galypsyňyz, sebäbi çaga edep bermek has ir, ýagny çaga dünýä inen gününden başlanýar» diýipdir. Döwletmämmet Azadynyň nygtaýşy ýaly, her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilligi maşgala terbiýesinden başlanýar. Şeýle terbiýe oňyn, has netijeli we dowamly bolýar.

Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.