Bagtyýar nesliň aýdyň geljegi

23 Noýabr 2021
925

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegini üpjün etmekde ähli şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk netijeliligini ýokarlandyrmak döwrüň esasy talaby bolup durýar. Şunda hormatly Prezidentimiz döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdepleriň birnäçesini ýylyň-ýylyna sowgat edýär. Bar bolanlarynyň durky täzelenip, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýaşlarymyz döwrebap mekdeplerde bilim, terbiýe alýarlar. Mugallymlar olara iň kämil iş usullaryndan peýdalanyp, netijeli bilim bermäge çalyşýarlar. Şunda sapaklaryň multimedia serişdeleri bilen guralmagy okuwçylaryň alýan bilimlerini kämilleşdirmeklerinde, sapaga bolan höwesini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Döwrebap görnüşde guralýan her bir okuw sapagy okuwçylaryň okamagyna, öwrenmegine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna, giň gözýetimli ýaşlar bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyz: «Sagdyn, bilimli-sowatly ýaşlar biziň röwşen geljegimiziň girewidir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alyp, biz — mugallymlar ýagty ertirlerimiziň eýelerini sowatly ýaşlar edip ýetişdirmek üçin döredijilikli zähmet çekýäris.

Ogulbäbek ŞALYKOWA,
Tejen etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.