Sözleýiş medeniýeti

23 Noýabr 2021
1941

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen diliniň jemgyýetçilik hyzmaty örän uludyr. Türkmen dili döwlet dili bolmak bilen birlikde ol bilim-terbiýeçilik işinde hem esasy orun eýeleýär. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli ýokary we orta okuw mekdeplerinde sapaklar milli dilimizde alnyp barylýar. Şonuň üçin hem mugallym türkmen diliniň çeper, manyly sözleýiş usullaryny kämil bilmek bilen, okuw-terbiýeçilik işlerinde hem ulanmagy başarmalydyr. Çünki, ýaş nesil mugallymdan diňe bir diliň ýazuw gurluşy baradaky bilimleri däl-de, eýsem pikiri kabul etmegiň we beýan etmegiň inçe syrlaryny hem öwrenýär.

Mugallym edebi dilde sözleýär we ýazýar. Türkmen edebi dilinde sözleýşiň birnäçe görnüşi bolup, olar sözleýiş stili diýlip atlandyrylýar. Olaryň düzümine janly gepleşik, ylmy, resmi iş, publisistik we çeper stiller degişlidir.

Jennet ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.