Okuwçylaryň sowadyny artdyrmak

21 Noýabr 2021
1018

Çagalary başlangyç synplarda, has takygy birinji synpda okatmagyň we terbiýelemegiň özboluşly aýratynlygy bardyr. Bu döwürde çagalar bilen işlenilýän her bir pursady oýunlaryň üsti bilen işjeň alyp barmak esasy şert bolup durýar. Çagalar baglaryndan gelen körpeleri mekdep durmuşyna uýgunlaşdyrmak bolsa, her bir başlangyç synp mugallymyndan döredijilikli zähmeti talap edýär.

Körpäniň mekdebe gatnap başlan ilkinji döwürlerinde mugallym olarda okamaga bolan höwesi oýarmaga çalyşmaly. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, başlangyç synplarda çagalara edebi diliň kada-kanunlaryna laýyk dürs ýazuw we sözleýiş başarnyklarynyň ilkinji düşünjeleri öwredilýär. Birinji synpda çagalara sowat öwretmek işini dogry guramak üçin mugallym sapagyň maksadyny saýlap almaga üns bermeli. Şunda esasy maksat çagalaryň her bir öwredilen harpy kynçylyksyz tanamagyny, dogry ýazmagyny, bogunlary düzmegini, okamagyny öwretmekden, sözleýiş dilini ösdürmekden ybarat bolup durýar. Olara okamagy we ýazmagy öwretmek üçin ilki sesler, seslerden bogunlary ýasamak öwredilýär.

Orazsoltan TOÝGULYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň mugallymy.