Okuwçylara iňlis dilini öwretmekde ygtybarly usullar

23 Noýabr 2021
1061

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde goýulýan ilkinji wezipe onuň sapakda guramaçy hökmünde çykyş etmegidir. Beýle diýildigi, mysal üçin, iňlis dili dersi boýunça ilkinji düşünjeleri okuwçylara öwretmek we olaryň ünsüni çekmek, sapakda ýadamazlygyny gazanmak möhümdir. Esasan hem, mugallym başlangyç synplarda iňlis dili sapaklaryny guramakda görkezme esbaplaryndan, oýunlardan ýerlikli peýdalanmak üçin irginsiz gözlegde bolmalydyr. Çünki mugallym okuwçynyň ýerine ýetirmeli wezipelerini, has takygy, olaryň täze tema bilen tanyşmagyny, şonuň esasynda-da dil we ýazuw ýumuşlaryny dogry hem dürs ýerine ýetirmekde yhlasly zähmetini, şolary özbaşdak peýdalanyp bilmegini guraýar. Sapakdan daşary (öý işi, özbaşdak işi) özbaşdak ýerine ýetirmeli işlerini yzygiderli guramak hem okuwçynyň höwesini artdyryp biler.

Iňlis dilini öwrenende okuwçy, ilki bilen, onuň aýdylyşyny anyk eşidýär ýa-da ýazuwda grafiki şekilini görýär. Onuň predmet, hadysa, hereket bilen bagly manysy we ulanylyşy bilen tanyşýar. Sözüň şekili, manysy, ulanylyşy — her bir leksik ýa-da grammatik birligi özleşdirmegiň esasyny düzýär. Okuwçynyň sapakdaky pursatlarynda hem özbaşdak işleri tabşyryp, olara daşyndan gözegçilik etmek bolýar. Mugallymyň gözegçilik etmeginde okuwçylaryň öz üstünde işlemegi hem-de özüniň ýalňyşyny özi tapyp, düzediş girizip gitmegi uly ähmiýete eýedir. Multimedia tehnologiýalarynyň iňlis dili sapaklarynda ulanylmagy hem okuwçynyň işjeň sözleýşini döredýän ilkinji mümkinçiliklerdir.

Jahan GARRYBAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrap bilim bölüminiň hünärmeni.