Geljegiň gapysy hünär bilen açylýar

22 Noýabr 2021
831

Ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Mälim bolşy ýaly, Ýurtbaştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň ýoluny külterleýän ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerini kämilleşdirmäge örän köp maýa goýumlary, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirildi. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň kuwwatyna baglydyr. Onuň kuwwatynyň artmagy bolsa ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen döwletimizde bolup geçýän uly ösüşler ylmyň-bilimiň gazananlaryna daýanýar. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Biz eýýäm ýurdumyzyň dürli künjeginde innowasion häsiýetli kärhanalaryň işe girizilendigini, olaryň önümleriniň eksportda uly paýynyň bardygyny buýsanç bilen synlaýarys. Ýurdumyzda geçen ýyllarda kiçi we orta kuwwatlykdaky döwrebap kärhanalaryň ýüzlerçesi ulanylmaga berildi. Olarda işleýänleriň köpüsi ýaşlardyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdebaryjy dünýä tejribesine we innowasion tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýetimizi kemala getirmäge gönükdirilen syýasatynyň dabaralanmagynda bilimli we hünärli ýaşlarymyzyň aýratyn orny bar. Innowasiýalar döwründe bilmek möhüm, bileniňi ulanmak ondan hem möhüm.

Saýara RÜSTEMOWA,
Çärjew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy.