«Boljak oglan başdan belli»

22 Noýabr 2021
939

Arzuwlar, ilki bilen, söze siňermiş. Sözden soň bolsa sese. Sen duýmasaňam, sesiňden şol arzuwlaryň ysy kükärmiş. Şeýdibem, matlabyň töwerege aýan bolar duruberermiş. Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň 4-nji synp okuwçysy Azym Atagarryýewiň arzuwlaram edil şu kysmy.

«Arzuwlaryňyz siziň nämelere ukyplydygyňyz baradaky Hudaý tarapyn duýduryşlardyr» diýen söz Azymyň kiçijek ýüregine ýerleşen owazyň iň gowy düşündirişi bolsa gerek. Ol ähli zady ýüregi bilen görýär: baglaram, daglaram, güllerem, guşlaram... Ilki olary hyýalynda birkemsiz göz öňüne getirýär. Soňra ak kagyza suratlaryny çekýär. Saz döredýär, aýdym aýdýar, goşgy ýazýar. Onuň: «Ylham nädip gelýär?» diýen sowalymyza beren jogaby hoşuňa gitmezçe däldi.