Daşary ýurt dillerini öwretmekde nakyllaryň ähmiýeti

21 Noýabr 2021
864

Nakyllar we atalar sözi her bir diliň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olar ençeme nesilleriň durmuş tejribesinden toplanan halk parasatyny, gündelik durmuşynda başdan geçiren hadysalaryny öz içine alýar. Şeýle-de gysga sözde çuňňur many aňladýandygy bilen halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýar.

Nakyllar we atalar sözi halkyň ruhy baýlygy we gymmatly hazynasydyr. Okuwçylara daşary ýurt dilleri öwredilende-de nakyllaryň we atalar sözüniň ähmiýeti zerurdyr.

Jamal KULLAKOWA,
Aşgabat şäherindäki 52-nji orta mekdebiň mugallymy.