Kitap — kämilligiň gözbaşy

22 Noýabr 2021
938

Türkmen halkyny eşretli we bagtly durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphana işini göwnejaý ýola goýmak ugrunda uly tagalla edýär. Kitaphana ylmyň we bilimiň ojagydyr. Gahryman Arkadagymyz kitaba uly sarpa goýýar. Milli Liderimiz öz ajaýyp eserleri bilen halkynyň egsilmez hormatyna mynasyp bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ylmy açyşlaryň, tehnologik oýlap tapyşlaryň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe — geljegimiz bolan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň beýik ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleri özleşdirmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.