Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek

21 Noýabr 2021
913

Bilşimiz ýaly, ýaş şahsyýetiň terbiýesinde we kemala gelmeginde terbiýäniň her bir görnüşi we usuly uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz gadym wagtdan bäri ýaş nesliň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, dostluk, doganlyk, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegine möhüm ähmiýet beripdirler hem-de bu işde dürli usullardan peýdalanypdyrlar. Biz muňa türkmen halk döredijiliginiň dürli žanrlary, nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň goşgulary, dessanlarymyz arkaly göz ýetirýäris. Olarda Watany söýmek, gözüň göreji ýaly goramak, gözelleşdirmek, ösdürmek ündelýär.

Gowy zatlar, ýagşy häsiýetler hemişe oňlanylýar, goldanylýar, olara dowamat berilýär. Bu ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatda alanymyzda hem şeýledir. Muňa hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy okuw sapagy arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Umumy okuw sapagynda hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Biziň üçin Watandan beýik gymmatlyk, halkymyzdan eziz düşünje ýokdur. Ata-babalarymyzyň «Towşana — dogduk depe», «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar» ýaly dürdäne sözlerinde Watanyň gadyr-gymmaty, mukaddesligi örboýuna galýar. Sebäbi Watanyň her daban ýeri, her gysym topragy biziň üçin mukaddesdir».

Myrat HOJAMKULYÝEW,
Çärjew etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.