"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Dil — milletiň ruhy dünýäsi

Islendik ýurduň milliliginiň başy dildir. Dil milletiň ruhy. Onuň içki dünýäsiniň beýan edilişiniň ýeke-täk usuly. Köp dilleri öwrenip, pikirleriň beýan ediliş usullarynyň çygryny giňeltmek bolsa, türkmen ýaşlarynyň esasy maksadydyr. Aslynda, her bir halkyň geçmiş taryhyna, ruhy mirasyna nazar aýlasak, dilleri öwrenmegiň ähmiýeti, zerurlygy baradaky pikirlere köp gabat gelmek bolýar. «Köp dil bilen köp biler», «Adamyň akyllysy dil öwrener», «Dil bilen dünýäni açar». Oguz han Türkmenden gözbaş alyp gaýdýan şeýle paýhaslar dilleri öwrenmegiň möhümdigine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny ýerine ýetirmän, eýsem, depginli ösüşleri gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrüldi. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän bilim, ylym babatdaky möhüm resminamalar, hususan-da, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy käm

Bilim — bagtyň belentligi

Ylym-bilim häzirkizaman dünýäsiniň ösüşini kesgitleýän esasy ugurlaryň biri hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz bize hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy nesihat etmek bilen, ylym-bilimiň ynsany belende göterýändigini nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, biz uly höwes bilen okamagy, öwrenmegi, döretmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimiň ösmegi ýurdumyzyň kuwwatlanmagydyr» diýip belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy has-da çalt depginler bilen ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Milli bilimiň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary gurlup, täze hünär ugurlary girizilýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usuly binýadynyň tapgyrlaýyn pugtalandyrylmagy netijesinde öňdebaryjy dünýä tejribeleri, täze bilimler, kompýuter we barlaghana enjamlary okuw işine giňden ornaşdyrylýar, meýilnamalaýyn

Bilimler dünýäsine ak ýol

Eždatlarymyzyň paýhas eleginde elenen «Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi güýçli — müňini» diýen ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orun eýeleýän, gurşunly kenek ýaly agramly, älem ýaly giň-çuňňur many-mazmuna ýugrulan parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda iňňän döwrebap ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Halkymyz öz taryhynyň bütin dowamynda ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna mynasyp goşandyny goşup gelýär. Ösüşler we özgerişler ýoly bilen ynamly öňe barýan bagtyýar halkymyz bu asylly ýörelgesini häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirýär» diýen parasatly sözleri ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjäni anyk we özboluşly many öwüşginleri bilen baýlaşdyrýar. Pasyllaryň serweri altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary gursaklary hyjuwdan doly müňlerçe ýaş nesillerimize öz gapylaryny giňden açdy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň baglanyşygyny özünde jemleýän asylly ýörelgelerimizi mynasyp dowam edip, watansöýüji, tämiz ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz! Okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz!» diýen parasatly sözlerinden ruhlanan bagtyýar talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim ojakl

Täze döwrebap mümkinçilikler

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär, sanly bilim ösdürilýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagy üpjün edilýär. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Her ýyl ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Bu möhüm resminamany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, e

Başlangyç synplarda sapaklary guramak

Mugallym guraýan her bir sapagynda bilim bilen terbiýeçilik işleriniň bitewiligini gazanmalydyr. Geljegimiz bolan ýaş nesli adamkärçiligiň asylly sypatlarynda terbiýelemegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu meselede synp sagatlarynyň netijeli guralmagynyň zerurdygyna oňat düşünýän kärdeşlerimiz yhlasly zähmet çekýärler. Synp sagatlary üçin terbiýeçilik taýdan örän ähmiýetli temalaryň saýlanyp alynýandygyny bellemek gerek. Şeýle temalaryň biri boýunça 3-nji synp okuwçylary bilen synp sagadyny guradym. «Ata-enä hormat goýan, Watanyny söýen döwlet tapar» diýen temany aýdyňlaşdyrmak sapagyň esasy maksady boldy.

Bilimli nesiller — buýsanjymyz

Düýn paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdepde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýaş nesliň döwrebap bilim alýandyklarynyň netijesini açyp görkezýän bu dabaranyň çäginde mugallymlar görelde sapaklaryny gurap, ony utgaşdyrylan görnüşde, türkmen, rus, iňlis we nemes dillerinde geçdiler. Mundan başga-da, mekdep mugallymlarynyň taýýarlan temalaýyn we dersler boýunça sergisi, şonuň ýaly-da, B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň işgärleriniň taýýarlamagynda kitap sergisi görkezildi. Bu ýerde mekdebiň “Çeper eller” gurnagyna gatnaýan okuwçy gyzlaryň taýýarlan el işleriniň sergisine aýratyn orun berildi.

Terbiýeçilik sagatlaryny edebiýat dersi bilen utgaşdyrmak

Okuwçylar bilen hepdäniň belli bir gününde synp sagadynyň guralmagy möhümdir. Mundan başga-da, okuw sapaklarynda geçilýän temalaryň mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen mugallym goşmaça maglumatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň materiallaryny we beýleki wakalary ulanýar. Ýokary synpyň okuwçylary bilen guralýan terbiýeçilik sagatlaryny edebiýat dersi bilen aýratyn utgaşdyrmaly. Ýakynda «Kitap ruhy hazynadyr» diýen temadan guran görelde sapagym ýatdagalyjy boldy. Şonda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan peýdalandym. Kitapdaky pähimli sözleri multimedia tagtasynda slaýd görnüşinde taýýarladym. Mysal üçin, kitapdaky: «Ylym-bilim, döredijilik babatynda danyşmentler: «Ilden alynýan, ile hem berilýän baýlyk» diýýärler» diýen pähimiň manysyna aýratyn düşündiriş berdim. Munuň üçin bolsa ýene-de nusgalyk kitapda berilýän bir rowaýata ýüzlendim:

Kämilligiň berk binýady

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilimler ýurduna öwrülýär. Ähli pudaklara we ulgamlara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, ylym-bilim, ykdysadyýet we senagat önümçiligi görlüp-eşidilmedik derejede öňe gitdi. Şeýlelikde, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak ösüşleriň baş şertine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, ylym, tehnologiýalar babatda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna ynamly goşulmagyna ýardam berýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, ylmyň täze gazananlary, iň kämil dünýä tejribeleri, innowasiýalary, maglumat tehnologiýalary bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylýar. Sanly bilimiň kemala getirilmegi, ozaly bilen, ylmy-tehniki ösüşiň netijesi bolup durýar. Munuň özi her birimiziň we ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi üçin köpsanly artykmaçlyk döredýär. Sanly bilimiň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilim ojaklarynda okaýanlaryň isleglerini çalt we ýokary derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bilim ulgamynda berk binýatly sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýär.

Başarnyklary kemala getirmek

Başarnyk şahsyýetiň belli bir işi üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin möhüm bolan endigidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlara döwrebap terbiýe bermäge, olarda durmuş başarnyklaryny kemala getirmäge uly üns berilýär. Okuw maksatnamalarynda ýaşlarda başarnyklary terbiýelemek göz öňünde tutulýar. Ýaşlar mekdebi tamamlanlarynda alan bilimleri bilen birlikde durmuş başarnygy hem kemala getirilýär. Meselem, ýaşlar orta mekdepleri tamamlanlaryndan soň, türkmen dili we edebiýat dersi boýunça okan eserleriniň, eşiden habarynyň mazmunyny gysgaça ýa-da giňişleýin beýan etmegi başarmalydyr. Şeýle hem ýaşlar diliň ýazuw düzgünlerinde sowatly bolmak bilen tekstleri, makalalary, ylmy işleri saýlamak, umumylaşdyrmak we seljermek, taraşlamak, ylmy-amaly barlaglary geçirip bilmek başarnygyna eýe bolýarlar. Daşary ýurt dilini okatmagyň okuw maksatnamasy esasynda öwredilýän sapaklaryň netijesi barada aýdanymyzda bolsa, ýaş nesil gozgalýan islendik meselede ara alnyp maslahatlaşylýan tema boýunça öz pikirini giňişleýin beýan edip, esaslandyryp, jemläp bilmek, erkin sözläp, çykyş edip bilmek başarnyklaryna eýe bolýar. Umuman, başarnyk ýadawsyz zähmetde, okuwda we şuňa meňzeşlerde ýüze çykýar we ösýär. Bu kem-kemden endige öwrülýär we durmuş başarnyklaryny kemala getirýär. Başarnyklar maşgalada, çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, jemgyýetçilik guramalarynda ýaşlykdan başlap t

Kitap hakynda kelam

Kitap barada gürrüň gozgalanda kitaphanalar serimde janlanýar. Tekjelerdäki hatar-hatar düzülen kitaplary göreniňde, ruhuň göterilýär, ýakymly duýgulary oýarýar. Olary ýekän-ýekän synlap, haýsysyny alaryňy bilmän, içinde syýahata başlaýarsyň. Kim bilýär, belki, bu günem kitabyň sahypalaryndan täze dünýäleri, durmuş ýollaryny öwreneris. Belki-de, taryhy ýa-da edebiýaty öwreneris. Sende şeýle ýakymly duýgulary oýarýan kitaplary neneň söýmejek, neneň olar bilen dost bolmajak?! «Kitap» sözüniň özi, megerem, sözleriň iň gowusy bolsa gerek. Sebäbi kitap diýlende bilim, akyl-paýhas, aň-düşünje, danalyk akylyňa gelýär. Şeýle sözleriň ýene ençemelerini özünde jemleýän bu gymmatly zat durky bilen hazynadyr. Onuň sahypalaryny näçe açdygyňça, ruhy baýlygyň artýar. Şol hazynadan näçe isleýäniň bolsa seniň islegiňe, erkiňe bagly bolup durýar. Kitaby peýdalandygyňça, aň-düşünjäniň çäkleri giňelip, özüňe bolan ynamyň artýar. Wagtyňy peýdaly geçirmäge, içiňdäki bilesigelijilik duýgyňy kanagatlandyrmaga ýardam berýär.

Okatmakda dürli usullar

Aýdyň geljegi nazarlaýan gözel Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu günki gün ähli ulgamlaryň ösüş jemalyny görýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işlerde, aýratyn hem, bilim ulgamynda asyrlyk işiň az wagtyň dowamynda durmuşa geçirilendigi baradaky hakykat eýýäm halkyň aňyna we ruhuna giňden ornaşdy. Häzirki wagtda giň dünýägaraýyşly we nazary taýdan pikirlenmäge ukyply ýaşlary taýýarlap ýetişdirmekde uly işler üznüksiz alnyp barylýar. Şeýle işleriň sakasynda hormata mynasyp bolýan intelligensiýa işgärlerine jemgyýetçilik aňy uly orun berýär. Çagany kiçi ýaşdan kämil şahsyýet derejesine ýetirmekde mugallymlaryň çekýän zähmeti uludyr. Bilşimiz ýaly, her bir çaga berilýän umumy orta bilim ýurdumyzda hökmany ýagdaýa eýedir. Çaganyň ösen aňly we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi eýýäm umumy orta bilim edaralaryndan alyp gaýdýar. Mugallym okuwçyny eýýäm mekdebe gelen gününden başlap, sapakdaky birnäçe endiklere öwrenişdirýär. Bu işler mekdepde guramaçylyk döwründe alnyp barlyp, mugallym okuwça ata-babalarymyzdan gaýdýan nakyllardyr atalar sözüni, hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim babatda aýdýan pähimli jümlelerini, şonuň bilen birlikde, sapaga degişli birnäçe ýatladyjy sowallary berip biler. Bu okuwçynyň aňynyň işjeňleşmegine getirýär. Soňra geçilen tema boýunça mugallym okuwçylaryň pikirleniş ukyplaryny barlap görmek niýeti

Döwrebap sapaklaryň ähmiýeti

Golaýda, takyk ugurly ders mugallymlarynyň usuly birleşmesiniň «Sapaklarda innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, okuwçylaryň pikirleniş endiklerini ösdürmegiň döwrebap usullary» atly hepdeligiň çäklerinde Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdepde «Bilim — ylymlary we yklymlary jebisleşdiriji güýç» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, welaýatymyzyň tejribeli mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek, öňdebaryjy usullardan netijeli peýdalanmak, şeýle-de sanly bilim ulgamy bilen baglanyşykly dersleri okatmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda özara pikir alşyldy. Maslahata gatnaşan bilim işgärleri mekdepde guralan görelde sapaklaryna hem gatnaşdylar. Görkezme sapaklarynda okuwçylaryň häzirkizaman tehnologiýalaryny maksadalaýyk ulanmaklary, ses informasiýalarynyň kodlanylyşy iş usullarynyň, wideoşekilleriň üsti bilen hem-de dürli öwrediji oýunlar arkaly ýerine ýetirilip görkezildi. Myhmanlar bu ýerde tejribeli mugallymlaryň taýýarlan okuw-görkezme esbaplarynyň sergisine hem tomaşa etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bilen birlikde mekdep okuwçylarynyň taýýarlan taslama işleri, derslere degişli görkezme esbaplar, mekdep durmuşy bilen bagly wideoşekiller sergide aýratyn orun aldy.

Beýik ösüşleriň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly ösüşleriň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hemişelik Bitarap döwletimizde döwrebap ösüşi nazarlaýan köpugurly strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ak mermerli Aşgabat ýaşamak üçin has oňaýly şähere öwrüldi. Bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyz turuwbaşdan ýurdumyzy düýpgöter döwrebaplaşdyrmak, ýagny ähli obalardyr şäherleriň, etrap we welaýat merkezleriniň, şeýle-de baş şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrüň ösen talaplaryna laýyk ösdürmek baradaky parasatly syýasaty öňe sürdi. Bu gün şol syýasatyň öňdengörüjilikli, hakyky pähim-parasatyň esasynda kemala gelendiginiň we oýlanyşykly durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Paýtagtymyzda halkymyzyň abadan durmuşyny beýan edýän köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň, «Erkin» seýilgähiniň, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi ýaly ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli döwrebap desgalar buýsanjymyzy goşalandyrýar. Bularyň ählisi halkymyzyň mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üpjün edilmeginiň aýdyň beýany bolmak bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşinde möhüm ähmiýeti bar. Adamyň mynasyp durmuşynyň, ýagny raýatla

Hünärmeniň dil taýýarlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başarnykly, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän, dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak öňde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Häzirki zaman tehnikalaryndan we öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarmakda iňlis diliniň ähmiýeti ýokarydyr. Iňlis dilini hünär bilen baglanyşdyryp öwrenmek we bu diliň ýöriteleşdirilen derslerini özleşdirmek has-da ähmiýetlidir. Ilki bilen, dil öwrenýän talyplaryň bu diliň esaslaryny bilmekleri we başlangyç sözleýiş endiklerini ele almaklary zerurdyr. Şonuň üçin-de hünär ugrundan dil taýýarlygyna degişli iňlis dili maksatnamalary giňişleýin düzülip, peýdalanyljak okuw kitaplary, gollanmalar we sözlükler saýlanylýar. Esasy maksat talyplaryň bu dilde öz hünärleri boýunça maglumatlary diňläp, okap, düşünip bilmegini, sözlemegi başarmagyny, dürli edebiýatlardan peýdalanyp bilmegini gazanmakdyr. Olar öz ugurlary boýunça ylmy-amaly çykyşlary we bu dilde ara alyp maslahatlaşmalary ýokary derejede ýerine ýetirmegi özleşdirmelidir.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Serhetabat etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymlary bilimli ýaşlary ýetişdirmekde yhlasly işleýärler. Işine ökde ýaş mugallymlaryň biri hem Güneş Durdylyýewdir. Ol okatmagyň täzeçe usullaryndan netijeli peýdalanyp, geljekde kompýuterden baş alyp çykýan, hünärli nesli ýetişdirmek işine yhlasyny siňdirýär. SURATDA: Güneş Durdylyýew sapak wagtynda.

Mekdebiň saýrak bilbili

Ruhubelentlik bilen bilim, terbiýe alýan, sungat älemine buýsançly gadam basýan, Arkadag Prezidentimizi, eziz Diýarymyzy şirin aýdymlar bilen wasp edýän zehinli çagalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ynha, şeýle zehinli çagalaryň biri hem Tagtabazar etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Çynar Jummanowadyr. Ol bir gün ejesinden öwrenen hüwdüsini aýdyp, sallançagynda gurjagyny şirin sesi bilen hüwdüläp duran wagty ony ejesi Mähri, daýzasy Oguljemal Jumasahatowa buýsanç bilen synlaýar. Olar Çynarjygyň şirin sesine buýsanyp, bu ýagdaýy sazanda kakasy Gurbana duýdurýarlar. Şondan soňra Çynarjyk 5 ýaşynda kakasy Gurban Jummanowyň aýdym-saz studiýasynda ilkinji aýdymyny ýazga geçirdýär. Alty ýaşly Çynar daýzasy Oguljemaldan köp aýdym öwrenýär. Kakasynyň goldaw bermegi bilen “Ejem jan”, “Mekdebim”, “Bahar geldi” we başga-da birnäçe aýdymlary ussatlyk bilen aýtmagy başarýar. Teleýaýlymlarda körpejeleriň aýdýan şirin owazly aýdymlaryny, goşgularyny diňläp, ýatdan öwrenýär.

Albert eýnşteýn näme diýýär?!

Adamyň kimdigi onuň beren jogaplaryndan däl-de, soran soraglaryndan bilner. Öwrenmegiňi goýan wagtyň öçmäge başlarsyň.

Sanly bilim — döwrebap mümkinçilikler

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, edara-kärhanalarynda we bilim ojaklarynda döwrebap innowasiýalara daýanýan sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçmäge, sanly tehnologiýalara erk edýän başarnykly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle hem talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Ata Watanymyzyň ähli ýokary, orta hünär we umumy bilim berýän okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmeginde giň mümkinçilikleri döredýär. Mugallymlar hem-de talyplar bilim portalyndaky maglumatlary almak bilen bir hatarda saýlap alan ylmy ugurlaryna degişli özleşdirilýän ylmy işleri babatda öz garaýyşlaryny beýan etmäge hem mümkinçilik alýarlar. Şeýle döwrebap işler ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir. Şoňa baglylykda, ýurdumyzyň ýokary

Körpelerde matematiki düşünjeleri kemala getirmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalar jemgyýetiň buýsanjy bolup, olar aýratyn alada we goldaw bilen gurşalýar. Olaryň kadaly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Mekdebe çenli bilim edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçiler, mugallymlar-da körpeleriň bilimli, edepli-terbiýeli bolup ýetişmegini gazanmakda netijeli usullardan peýdalanýarlar. Şolaryň biri hem sapagy oýunlar arkaly guramak bolup durýar. Geçilýän her bir temany körpeleriň aňyna ýetirmegi başarmak terbiýeçiniň ukybyna, başarnygyna, döredijilikli işlemegine bagly bolup durýar. Matematika sapagy käbir çagalar üçin çylşyrymly bolup görünýär. Sebäbi hemme çaganyň pikirleniş ukyby deň bolmaýar. Käbir çagalaryň ýatkeşligi, ünsi pes bolýar. Şonuň üçin terbiýeçi sapagy ähli çagalaryň aňyna ýeter ýaly derejede guramaga, olarda matematika dersine bolan gyzyklanmany döretmäge çalyşmalydyr. Şunda esasy matematika sapagyna degişli oýunlardan, tapmaçalardan peýdalanmagyň ähmiýeti ýokary bolup durýar. Olar çagalaryň yzygiderli pikirlenmek endiklerini kämilleşdirýär, matematika bolan höwesini ýokarlandyrýar, ýatkeşligini, ünslüligini artdyrýar. Sapakda ulanylýan oýunlar körpeleriň zehinini ýüze çykarmaga we ösdürmäge-de mümkinçilik berýär. Biz guraýan her bir sapagymyzy gyzykly we täsirli geçirmek üçin multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalanýarys.

Milli terbiýe — kämilligiň binýady

Orta mekdepde okadylýan dersleriň her biri ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmeginde aýratyn orna eýedir. Okuwçylar şol dersler esasynda bilimini kämilleşdirýär, terbiýesini ýokarlandyrýar, aň-düşünjesini berkidýär. Şunda beýleki dersler bilen bir hatarda, jemgyýeti öwreniş dersiniň hem ýaş nesilde ýokary adamkärçilik sypatlary kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Okuwçylar bu ders arkaly edep-terbiýeli, milli gymmatlyklarymyza wepaly, medeniýetli ýaşlar bolup ýetişmek ugrunda giňişleýin düşünje alýarlar. Bu sapagyň täsirli bolmagyny gazanmak bolsa mugallymyň döredijiliginiň ýokary bolmagyny şertlendirýär. 10-njy synp okuwçylary bilen jemgyýeti öwreniş dersinde «Türkmen maşgalasynyň mukaddeslikleri we gymmatlyklary» atly temany geçenimizde, olara türkmen maşgala ojagynyň däpleri barada giňişleýin gürrüň berýäris. Ilki bilen, sapagy öýe berlen ýumuşlary soramak arkaly başlaýarys. Soňra olaryň käbirlerine barlagnama paýlap, käbirlerine bolsa geçilen teksti öz pikiri boýunça beýan etmegi tabşyrmak bilen dersi dowam etdirsek sapak täsirli bolar. Okuwçylara hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan nakyllary beýan edýäris.