Kämilligiň berk binýady

25 Noýabr 2021
948

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli nesilleri ýetişdirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilimler ýurduna öwrülýär. Ähli pudaklara we ulgamlara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, ylym-bilim, ykdysadyýet we senagat önümçiligi görlüp-eşidilmedik derejede öňe gitdi. Şeýlelikde, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak ösüşleriň baş şertine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, ylym, tehnologiýalar babatda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna ynamly goşulmagyna ýardam berýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda, ylmyň täze gazananlary, iň kämil dünýä tejribeleri, innowasiýalary, maglumat tehnologiýalary bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylýar. Sanly bilimiň kemala getirilmegi, ozaly bilen, ylmy-tehniki ösüşiň netijesi bolup durýar. Munuň özi her birimiziň we ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi üçin köpsanly artykmaçlyk döredýär. Sanly bilimiň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilim ojaklarynda okaýanlaryň isleglerini çalt we ýokary derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bilim ulgamynda berk binýatly sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge ýardam edýär.

Maral AŞYRALYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.