Mekdebiň saýrak bilbili

24 Noýabr 2021
842

Ruhubelentlik bilen bilim, terbiýe alýan, sungat älemine buýsançly gadam basýan, Arkadag Prezidentimizi, eziz Diýarymyzy şirin aýdymlar bilen wasp edýän zehinli çagalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ynha, şeýle zehinli çagalaryň biri hem Tagtabazar etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Çynar Jummanowadyr. Ol bir gün ejesinden öwrenen hüwdüsini aýdyp, sallançagynda gurjagyny şirin sesi bilen hüwdüläp duran wagty ony ejesi Mähri, daýzasy Oguljemal Jumasahatowa buýsanç bilen synlaýar. Olar Çynarjygyň şirin sesine buýsanyp, bu ýagdaýy sazanda kakasy Gurbana duýdurýarlar. Şondan soňra Çynarjyk 5 ýaşynda kakasy Gurban Jummanowyň aýdym-saz studiýasynda ilkinji aýdymyny ýazga geçirdýär.

Alty ýaşly Çynar daýzasy Oguljemaldan köp aýdym öwrenýär. Kakasynyň goldaw bermegi bilen “Ejem jan”, “Mekdebim”, “Bahar geldi” we başga-da birnäçe aýdymlary ussatlyk bilen aýtmagy başarýar. Teleýaýlymlarda körpejeleriň aýdýan şirin owazly aýdymlaryny, goşgularyny diňläp, ýatdan öwrenýär.