Milli terbiýe — kämilligiň binýady

23 Noýabr 2021
984

Orta mekdepde okadylýan dersleriň her biri ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmeginde aýratyn orna eýedir. Okuwçylar şol dersler esasynda bilimini kämilleşdirýär, terbiýesini ýokarlandyrýar, aň-düşünjesini berkidýär. Şunda beýleki dersler bilen bir hatarda, jemgyýeti öwreniş dersiniň hem ýaş nesilde ýokary adamkärçilik sypatlary kemala getirmekde ähmiýeti uludyr. Okuwçylar bu ders arkaly edep-terbiýeli, milli gymmatlyklarymyza wepaly, medeniýetli ýaşlar bolup ýetişmek ugrunda giňişleýin düşünje alýarlar. Bu sapagyň täsirli bolmagyny gazanmak bolsa mugallymyň döredijiliginiň ýokary bolmagyny şertlendirýär.

10-njy synp okuwçylary bilen jemgyýeti öwreniş dersinde «Türkmen maşgalasynyň mukaddeslikleri we gymmatlyklary» atly temany geçenimizde, olara türkmen maşgala ojagynyň däpleri barada giňişleýin gürrüň berýäris. Ilki bilen, sapagy öýe berlen ýumuşlary soramak arkaly başlaýarys. Soňra olaryň käbirlerine barlagnama paýlap, käbirlerine bolsa geçilen teksti öz pikiri boýunça beýan etmegi tabşyrmak bilen dersi dowam etdirsek sapak täsirli bolar. Okuwçylara hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan nakyllary beýan edýäris.

Maksat MUHYÝEW,
Halaç etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.