Bilim — bagtyň belentligi

26 Noýabr 2021
877

Ylym-bilim häzirkizaman dünýäsiniň ösüşini kesgitleýän esasy ugurlaryň biri hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyz bize hemişe ylym-bilime, pähim-paýhasa, akyl-danalyga teşne bolmagy nesihat etmek bilen, ylym-bilimiň ynsany belende göterýändigini nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryndan ugur alyp, biz uly höwes bilen okamagy, öwrenmegi, döretmegi, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys.

Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimiň ösmegi ýurdumyzyň kuwwatlanmagydyr» diýip belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy has-da çalt depginler bilen ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Milli bilimiň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary gurlup, täze hünär ugurlary girizilýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usuly binýadynyň tapgyrlaýyn pugtalandyrylmagy netijesinde öňdebaryjy dünýä tejribeleri, täze bilimler, kompýuter we barlaghana enjamlary okuw işine giňden ornaşdyrylýar, meýilnamalaýyn okuw kitaplarydyr gollanmalary taýýarlanylýar. Ýurdumyzda birinji synpa okuwa barýan okuwçy oglan-gyzlara ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy hem indi birnäçe ýyldan bäri asylly däbe öwrüldi. Bu ylym-bilimiň durmuşdaky ornunyň ýokarlanmagy bilen, ösen tehnologiýalardan habarly täze nesliň kemala gelýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Biz şeýle ösüş-özgerişli zamanada okamaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli belent tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Gözel SARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.