Başlangyç synplarda sapaklary guramak

25 Noýabr 2021
1221

Mugallym guraýan her bir sapagynda bilim bilen terbiýeçilik işleriniň bitewiligini gazanmalydyr. Geljegimiz bolan ýaş nesli adamkärçiligiň asylly sypatlarynda terbiýelemegiň ähmiýeti örän uludyr. Bu meselede synp sagatlarynyň netijeli guralmagynyň zerurdygyna oňat düşünýän kärdeşlerimiz yhlasly zähmet çekýärler.

Synp sagatlary üçin terbiýeçilik taýdan örän ähmiýetli temalaryň saýlanyp alynýandygyny bellemek gerek. Şeýle temalaryň biri boýunça 3-nji synp okuwçylary bilen synp sagadyny guradym. «Ata-enä hormat goýan, Watanyny söýen döwlet tapar» diýen temany aýdyňlaşdyrmak sapagyň esasy maksady boldy.

Şirinjemal ÝEGELEKOWA,
Aşgabat şäherindäki 44-nji orta mekdebiň mugallymy.