Bilimli nesiller — buýsanjymyz

25 Noýabr 2021
1997

Düýn paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdepde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýaş nesliň döwrebap bilim alýandyklarynyň netijesini açyp görkezýän bu dabaranyň çäginde mugallymlar görelde sapaklaryny gurap, ony utgaşdyrylan görnüşde, türkmen, rus, iňlis we nemes dillerinde geçdiler. Mundan başga-da, mekdep mugallymlarynyň taýýarlan temalaýyn we dersler boýunça sergisi, şonuň ýaly-da, B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň işgärleriniň taýýarlamagynda kitap sergisi görkezildi. Bu ýerde mekdebiň “Çeper eller” gurnagyna gatnaýan okuwçy gyzlaryň taýýarlan el işleriniň sergisine aýratyn orun berildi.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ahmet TURŞEKOW.