Terbiýeçilik sagatlaryny edebiýat dersi bilen utgaşdyrmak

25 Noýabr 2021
992

Okuwçylar bilen hepdäniň belli bir gününde synp sagadynyň guralmagy möhümdir. Mundan başga-da, okuw sapaklarynda geçilýän temalaryň mazmunyny baýlaşdyrmak maksady bilen mugallym goşmaça maglumatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň materiallaryny we beýleki wakalary ulanýar.

Ýokary synpyň okuwçylary bilen guralýan terbiýeçilik sagatlaryny edebiýat dersi bilen aýratyn utgaşdyrmaly. Ýakynda «Kitap ruhy hazynadyr» diýen temadan guran görelde sapagym ýatdagalyjy boldy. Şonda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan peýdalandym. Kitapdaky pähimli sözleri multimedia tagtasynda slaýd görnüşinde taýýarladym. Mysal üçin, kitapdaky: «Ylym-bilim, döredijilik babatynda danyşmentler: «Ilden alynýan, ile hem berilýän baýlyk» diýýärler» diýen pähimiň manysyna aýratyn düşündiriş berdim. Munuň üçin bolsa ýene-de nusgalyk kitapda berilýän bir rowaýata ýüzlendim:

Annagül ATANIÝAZOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 45-nji orta mekdebiň mugallymy.