Döwrebap sapaklaryň ähmiýeti

24 Noýabr 2021
1076

Golaýda, takyk ugurly ders mugallymlarynyň usuly birleşmesiniň «Sapaklarda innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, okuwçylaryň pikirleniş endiklerini ösdürmegiň döwrebap usullary» atly hepdeligiň çäklerinde Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdepde «Bilim — ylymlary we yklymlary jebisleşdiriji güýç» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, welaýatymyzyň tejribeli mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek, öňdebaryjy usullardan netijeli peýdalanmak, şeýle-de sanly bilim ulgamy bilen baglanyşykly dersleri okatmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda özara pikir alşyldy. Maslahata gatnaşan bilim işgärleri mekdepde guralan görelde sapaklaryna hem gatnaşdylar. Görkezme sapaklarynda okuwçylaryň häzirkizaman tehnologiýalaryny maksadalaýyk ulanmaklary, ses informasiýalarynyň kodlanylyşy iş usullarynyň, wideoşekilleriň üsti bilen hem-de dürli öwrediji oýunlar arkaly ýerine ýetirilip görkezildi.

Myhmanlar bu ýerde tejribeli mugallymlaryň taýýarlan okuw-görkezme esbaplarynyň sergisine hem tomaşa etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bilen birlikde mekdep okuwçylarynyň taýýarlan taslama işleri, derslere degişli görkezme esbaplar, mekdep durmuşy bilen bagly wideoşekiller sergide aýratyn orun aldy.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.