Hünärmeniň dil taýýarlygy

24 Noýabr 2021
990

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe başarnykly, şol sanda daşary ýurt dillerini suwara bilýän, dürli ugurlardan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak öňde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Häzirki zaman tehnikalaryndan we öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarmakda iňlis diliniň ähmiýeti ýokarydyr.

Iňlis dilini hünär bilen baglanyşdyryp öwrenmek we bu diliň ýöriteleşdirilen derslerini özleşdirmek has-da ähmiýetlidir. Ilki bilen, dil öwrenýän talyplaryň bu diliň esaslaryny bilmekleri we başlangyç sözleýiş endiklerini ele almaklary zerurdyr. Şonuň üçin-de hünär ugrundan dil taýýarlygyna degişli iňlis dili maksatnamalary giňişleýin düzülip, peýdalanyljak okuw kitaplary, gollanmalar we sözlükler saýlanylýar. Esasy maksat talyplaryň bu dilde öz hünärleri boýunça maglumatlary diňläp, okap, düşünip bilmegini, sözlemegi başarmagyny, dürli edebiýatlardan peýdalanyp bilmegini gazanmakdyr. Olar öz ugurlary boýunça ylmy-amaly çykyşlary we bu dilde ara alyp maslahatlaşmalary ýokary derejede ýerine ýetirmegi özleşdirmelidir.

Kümüş ALLABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.