Körpelerde matematiki düşünjeleri kemala getirmek

23 Noýabr 2021
1339

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalar jemgyýetiň buýsanjy bolup, olar aýratyn alada we goldaw bilen gurşalýar. Olaryň kadaly ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Mekdebe çenli bilim edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçiler, mugallymlar-da körpeleriň bilimli, edepli-terbiýeli bolup ýetişmegini gazanmakda netijeli usullardan peýdalanýarlar. Şolaryň biri hem sapagy oýunlar arkaly guramak bolup durýar.

Geçilýän her bir temany körpeleriň aňyna ýetirmegi başarmak terbiýeçiniň ukybyna, başarnygyna, döredijilikli işlemegine bagly bolup durýar. Matematika sapagy käbir çagalar üçin çylşyrymly bolup görünýär. Sebäbi hemme çaganyň pikirleniş ukyby deň bolmaýar. Käbir çagalaryň ýatkeşligi, ünsi pes bolýar. Şonuň üçin terbiýeçi sapagy ähli çagalaryň aňyna ýeter ýaly derejede guramaga, olarda matematika dersine bolan gyzyklanmany döretmäge çalyşmalydyr. Şunda esasy matematika sapagyna degişli oýunlardan, tapmaçalardan peýdalanmagyň ähmiýeti ýokary bolup durýar. Olar çagalaryň yzygiderli pikirlenmek endiklerini kämilleşdirýär, matematika bolan höwesini ýokarlandyrýar, ýatkeşligini, ünslüligini artdyrýar. Sapakda ulanylýan oýunlar körpeleriň zehinini ýüze çykarmaga we ösdürmäge-de mümkinçilik berýär. Biz guraýan her bir sapagymyzy gyzykly we täsirli geçirmek üçin multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalanýarys.

Maýagözel HOJAGULYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 19-njy çagalar bagynyň müdiri.