Bilimler dünýäsine ak ýol

26 Noýabr 2021
1507

Eždatlarymyzyň paýhas eleginde elenen «Bilegi ýogyn birini ýykar, bilimi güýçli — müňini» diýen ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orun eýeleýän, gurşunly kenek ýaly agramly, älem ýaly giň-çuňňur many-mazmuna ýugrulan parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda iňňän döwrebap ýaňlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Halkymyz öz taryhynyň bütin dowamynda ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna mynasyp goşandyny goşup gelýär. Ösüşler we özgerişler ýoly bilen ynamly öňe barýan bagtyýar halkymyz bu asylly ýörelgesini häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirýär» diýen parasatly sözleri ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjäni anyk we özboluşly many öwüşginleri bilen baýlaşdyrýar.

Pasyllaryň serweri altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklary gursaklary hyjuwdan doly müňlerçe ýaş nesillerimize öz gapylaryny giňden açdy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň baglanyşygyny özünde jemleýän asylly ýörelgelerimizi mynasyp dowam edip, watansöýüji, tämiz ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýetişmelisiňiz! Okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz!» diýen parasatly sözlerinden ruhlanan bagtyýar talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim ojaklarynyň giň hem-de ýagty otaglaryna dolmagy bilen, abadan Diýarymyzda 2021 — 2022-nji täze okuw ýyly başlady. Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolup geçen wakalar bir-biri bilen sazlaşyp, özboluşly çuňňur mana eýedigi bilen aýratyn tapawutlandy. Şol ajaýyp wakalar Berkarar döwletimiziň her bir ulgamynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem giň gerimli durnukly ösüşleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Ogulbeg MUHAMMETSÄHEDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.