Beýik ösüşleriň ýoly bilen

24 Noýabr 2021
782

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly ösüşleriň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hemişelik Bitarap döwletimizde döwrebap ösüşi nazarlaýan köpugurly strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ak mermerli Aşgabat ýaşamak üçin has oňaýly şähere öwrüldi. Bilşimiz ýaly, mähriban Arkadagymyz turuwbaşdan ýurdumyzy düýpgöter döwrebaplaşdyrmak, ýagny ähli obalardyr şäherleriň, etrap we welaýat merkezleriniň, şeýle-de baş şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrüň ösen talaplaryna laýyk ösdürmek baradaky parasatly syýasaty öňe sürdi. Bu gün şol syýasatyň öňdengörüjilikli, hakyky pähim-parasatyň esasynda kemala gelendiginiň we oýlanyşykly durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Paýtagtymyzda halkymyzyň abadan durmuşyny beýan edýän köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň, «Erkin» seýilgähiniň, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi ýaly ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli döwrebap desgalar buýsanjymyzy goşalandyrýar. Bularyň ählisi halkymyzyň mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üpjün edilmeginiň aýdyň beýany bolmak bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşinde möhüm ähmiýeti bar.

Adamyň mynasyp durmuşynyň, ýagny raýatlarymyzyň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi döwletiň oňyn syýasatynyň sazlaşykly amala aşyrylmagy netijesinde mümkindir. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ykdysady ösüşiniň ýokary derejesi, milli we döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy, bu babatdaky kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, her bir adamyň mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi ýaly döwletiň oňyn alamatlaryny islendik ulgamyň mysalynda görmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleriniň senagat taýdan netijeli özleşdirilmegi, döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we ulag-üstaşyr mümkinçilikleri dünýä bazarlarynda bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryna giň ýol açýan maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlaryny emele getirýär.

Gurbangül DURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.