"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Italiýanyň «Lamborghini» kompaniýasy soňky 20 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini üýtgetdi

Italiýanyň «Lamborghini» kompaniýasy soňky 20 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini üýtgetdi. Kompaniýanyň täze nyşanynda öküziň şekili saklanyp galdy, ýöne ol birneme «gaharyndan köşeşdirildi» hem-de reňkine üýtgeşmeler girizildi. Täze «Lamborghini» logotipinde esasy reňkler gara we ak bolup, sary we altynsow reňkler bolsa goşmaça öwüşgin berijiler hökmünde ulanyldy. Reňkleriň ählisi has öçügsi edildi. Kompaniýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, täze logotipiň ilkinji gezek «Huracan» mirasdüşeri boljak superkarda ulanylmagyna garaşylýar. Şeýle-de öçügsi hala getirilen nyşan «Urus» krossoweriniň täzelenen wersiýasynda we «Revuelto» flagmanyna goýlar.

Türkmenistandaky gämi abatlaýyş zawody deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ýygnap başlar

Türkmenistandaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda «Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnap başlar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, «Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnamak «Söwda Gurluşyk Maslahat» hojalyk jemgyýetiniň sargydy bilen amala aşyrylýar. Bu taslama taýýarlyk görmek üçin Balkan zawodynyň baş direktorynyň orunbasary ýakynda Niderlandlar Patyşalygynyň Nijerkerk şäherinde iş saparynda boldy we şol ýerde deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň synag işlerine gatnaşdy. Bu bolsa onuň tehniki häsiýetleri we işleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga, şeýle hem Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnamak üçin taslama resminamalarynyň we gäminiň böleklerini ýygnamagynyň usullaryny taýýarlamaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanda halkara derejeli sürüjileri taýýarlamak boýunça okuw merkezi açylar

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýükleri awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) agzasy bolup durýan “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Onuň netijeleri boýunça halkara daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagyň zerurdygy kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary bölegi aprel aýynda açylar

Türkmenistanda aprel aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy bolar. Bu barada 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi baradaky hasabatynda aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmak üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny, karbamidi, tehniki kükürt kislotasyny, “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, polipropileni satyn aldylar.

Sanly ykdysadyýet ösüş ýolunda

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, şol san­da bu ul­ga­myň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da «Ara­gat­na­şyk ha­kyn­da», «Türk­me­nis­tan­da in­ter­net to­ru­nyň ösü­şi­ni we in­ter­net-hyz­mat­la­ry­ny et­me­gi hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da», «Ki­ber­howp­suz­lyk ha­kyn­da», «Elekt­ron res­mi­na­ma, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy we san­ly hyz­mat­lar ha­kyn­da» hem-de beý­le­ki Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry ka­bul edil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­ret­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi bu ul­gam­da mö­hüm ädim­le­riň bi­ri bol­dy. Bu Ka­ra­ryň baş mak­sa­dy bu ugur­da mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­den yba­rat­dyr. Ka­rar esa­syn­da to­pa­ryň dü­zü­mi we onuň Düz­gün­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly eda­ra hök­mün­de kes­git­le­nil­di.

HHR-dan gämileriň eksporty barha artýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanýan «Xinhua» habarlar agentligi şu ýylyň iki aýynyň netijeleri boýunça Hytaýdan gämileriň eksporty hem göwrümi, şeýle-de gymmaty boýunça ep-esli ösendigini habar berdi. 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaý daşary ýurtly üpjün edijilere 937 gämi iberdi. Munuň özi bu görkezijiniň geçen ýylyň ilkinji iki aýynyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 59,9% köpdür. Şol bir wagtyň özünde hem, eksportuň derejesi 180,6% ýokarlanyp, 48,25 milliard ýuana (6,8 milliard dollar) ýetdi.

Hytaýyň awtoulag senagaty ýük ulaglarynyň bazarynda öňdebaryjylygy saklaýar

Şu ýylyň fewralynda Russiýada Hytaýyň awtoulag markalarynyň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 37% artyp, 6 457 birlige ýetdi. Munuň özi hasabat döwründe bellige alnan ähli awtoulaglaryň 62 %-ini emele getirdi. Şol döwürde Russiýada öndürilen ýük awtoulaglarynyň satuwynyň 9% azalandygyny we 2630 birlige ýetendigini bolsa «Autostat Info» habar berýär. Hasabat döwründe «Sitrak» kysymly awtoulagyň satuwy 557 göterim ösüp, 1477-den 2294 birlige çenli artdy. Satylan sany iň kän bolan hytaý brendleriniň arasynda ikinji netijäni «Sachman» görkezdi. Onuň satuwy 1188-den 1255 birlige çenli, mahlasy 67% ýokarlandy. Hytaýyň ýük awtoulaglarynyň arasynda üçünji orny fewral aýynda satylan sany 882 awtoulaga ýeten «FAW» eýe boldy. Bu netijäniň bir ýyl mundan ozalky 795 birlige barabar bolan görkezijiden 11% köpdügini bellemek gerek. Galyberse-de, fewralda satylan hytaý brendlerinden «Dongfeng» (satylan nusgasy – 696) hem-de «Howo» (443) öňdäki bäşligi jemlediler.

Geçen ýyl Italiýa Türkmenistandan 80,17 million ýewrolyk harydy import etdi

«Trend» tarapyndan berlen habarda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Italiýa bilen umumy söwda dolanyşygynyň 229 million ýewrodan gowrak bolandygy tassyklanylýar. Maglumatlara görä, görkezilen hasabat döwründe Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň 172,37 million ýewro barabar bolan görkezijisi bilen deňeşdirilende, 32,8 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, Watanymyzyň kuwwatynyň barha berkeýändigine hem-de bu berkarar ýurduň bagtyýar raýatydygyňa buýsanjyňy artdyrýar. Ýurdumyzda giň gerimde bellenilip geçilýän şanly seneler mynasybetli medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň yzygiderli ulanmaga berilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu halkymyzy ýeneki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Geljekde uly üstünlikleriň gazanylmagynda bolsa, şu günki ýaş nesliň bilimli we giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, sagdyn, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ökdelik bilen baş çykaryp bilýän adamlar bolup ýetişmekleri ilkinji şertleriň biridir. Şol esasdan, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde edilýän alada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň özenini düzýär diýip, ynamly aýdyp bileris.

«ONE» 2030-njy ýyla çenli konteýner flotunyň kuwwatyny 3 million TEU ýetirer

Ýaponiýanyň iň uly ulag korporasiýalarynyň üçlüginiň — «NYK», «MOL» we «K-line» kompaniýalarynyň konteýner amallary boýunça mümkinçiliklerini birleşdirmek arkaly döredilen tarapyň konteýner flotunyň kuwwatyny 2030-njy ýyla çenli 3 million TEU barabar bolan görkezijä ýetirmek üçin 25 milliard dollar harçlanjakdygynyň «Shipping Watch» tarapyndan habar berlendigini  «ТАСС» mälim edýär. Ýanwarda «One» Hytaýyň iki gämi abatlaýyş kärhanasyna 13 müň TEU kuwwatly 12 goşa ýangyçly konteýner gämisini gurmak baradaky buýurma bilen ýüz tutdy. «ONE» şertnama bildirişinde sargyt edilen gämileriň ilkinji metanol gämisi boljakdygyny we toparyň ýaşyl strategiýasynyň bir bölegi hökmünde geljekki ekologiki flotuň özenini düzjekdigini aýtdy.

Milli senagatyň täze mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak arkaly beýik sepgitlere ýetmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Bu bolsa, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen özgertmegiň netijesinde, ykdysady görkezijileriň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şeýle netijeleriň gazanylmagynda hormatly Prezidentimiziň badalga beren maksatnamalarynyň ähmiýeti örän uludyr. Eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji martda Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze senagat desgasynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy bu pudaga döwlet derejesinde uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi sebitiň, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýetli wakadyr. Ýurdumyzda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalar gurlup, önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleri öndürilýär.

«Delo» kompaniýalar topary Hindistana we BAE ýük daşamakda elektron resminama dolanşygyny synagdan geçirer

«Delo» kompaniýalar topary Moskwadan Hindistana we Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) ýokary tehnologiýaly ýük daşamakda elektron resminama dolanşygyna geçmek boýunça synaglary geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň maglumat tehnologiýalary boýunça direktorynyň orunbasary Kirill Zaharowyň «TransRussia-2024» forumynyň barşynda eden çykyşyna esaslanýan «ТАСС» habar berýär. Synag taslamasynyň şu ýylyň 1-nji aprelinde başlanjak Milli sanly ulag-logistika platformasynyň kömegi bilen durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Russiýanyň Federal gümrük gullugy serhetdäki ýük awtoulaglarynyň barlag wagtyny 10 minuda çenli azaltjak meýilnamany tassyklady

Russiýanyň Federal gümrük gullugy serhetdäki ýük awtoulaglarynyň barlag wagtyny 10 minuta çenli azaltmak boýunça taýýarlanan meýilnamany tassyklady. «TASS» tarapyndan berlen habarda muny Federal gümrük gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ruslan Dawydowyň geňeşiň giňeldilen mejlisinde yglan edendigi aýdylýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň degişli görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanan Meýilnama 2024-nji ýylda durmuşa geçirilmelidir. «Russiýanyň Federal gümrük gullugy gümrük edaralarynyň awtoulag gözegçilik nokatlarynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak üçin sarp edýän wagtyny azaltmak üçin görülmeli çäreleriň toplumynyň giňişleýin meýilnamasyny düzdi we tassyklady. Ol guramaçylyk, kadalaşdyryjy we maglumat tehnologiýasy boýunça  2024-nji ýylda durmuşa geçiriljek çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar» — diýip, Ruslan Dawydow belledi.

2023-nji ýylda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň üsti bilen deňiz ýükleri iki esse artdy

2023-nji ýylda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ýük dolanyşygy 2022-nji ýyly bilen deňeşdirilende 18 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler Russiýanyň federal gümrük gullugynyň giňişleýin maslahatynda aýdylyp geçildi – diýip portnews.ru habar beriş internet sahypsy habar berdi. Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň üsti bilen ýük dolanyşygy 1göterimden gowrak ýokarlandy we bu ugurda awtoulaglary daşamak iki esse artdy.

Bagtyýar durmuşyň höziri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary ykdysady syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi çalt depginlerde durnukly häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, gurluş özgertmeleriniň, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň netijesidir. Häzirki wagtda döwrebap sanly çözgütleri ulanmak arkaly, pudaklary tehnologik taýdan çalt döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreler işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda dürli ulgamlarda sanly ykdysadyýetiň köp ugurlary hereket edýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini giňeldýän, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini kämilleşdirýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Guwandyryjy görkezijiler aýdyň maksatlara atarýar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlaryny üstünlikli jemlemek bilen, mart aýynyň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki günlerde alyp barýan gündelik wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Edaranyň gazçylarynyň etrabyň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän derwaýys işleri bilen ýakyndan tanyş bolmak maksadynda ol ýerde bolanymyzda, bu zähmet köpçüliginiň işçi-hünärmenleriniň dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 1 müň kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 342 sanysyna ýokary derejede hyzmat edýändikleriniň şaýady bolduk. Gaz hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Bekdurdy Babaýewiň gürrüňlerine görä, edaranyň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde Boldumsaz şäherinde we etrabyň oba ýerlerinde ýaşaýan 13 müňden gowrak hojalygyň ilatynyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmegine zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Miosen gatlaklary ygtybarly öwrenilýär

Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Uzynada meýdançasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň günbatar sebitde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary barada maglumat berýän taslamalary bilen tanşyp, Hazar deňziniň kenarýaka çäklerinde barlag-gözleg işlerini maksatnamalaýyn esasda dowam etdirmegi tabşyrypdy. — Şol taryhy pursat biziň ekspedisiýamyzyň hünärmenleriniň buýsançly başlaryny has-da arşa göteripdi. Çünki geljegine uly umyt baglanylýan bu meýdançada ilkinji gözleg-barlag işlerini hem hut biziň zähmet toparlarymyz 2013-nji ýylda amala aşyrypdylar. Häzirki gün bu künjekden uglewodorod çig mallarynyň bol akymlary alynýar. Bellenilen meýilnamalar esasynda geçirýän iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglarymyz profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da beýleki barlag usullaryny, gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sap artyşyny almaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy özünde jemleýär — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň baş geofizigi Çary Sopyýew gürrüň berýär.

Gaz we elektrik energetikasy pudagynda Türkmenistanyň geljegi uludyr

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden giň gerime eýe boldy. Iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda has-da üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda energetika senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem giň mümkinçilikler döreýär. Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meseleler özüniň oňyn çözgüdine garaşýar.

Nebitçileriň ynamly gadamlary

Nebitgaz pudagynyň netijeliligi köp derejede dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, onuň işiniň oýlanyşykly özgerdilmegine baglydyr. Oňyn netijeleri almak bolsa, ilkinji nobatda, pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan, olary işe girizmekden ybaratdyr. Bu ugurda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligimizde hem döwrebap işler bitirilýär. Tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda döwrebap täzelenişi yzygiderli başdan geçirýän müdirligimiz konserniň düzümindäki nebiti, gazy, ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly gaýtadan işleýjilere akdyrmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalaryň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen iki aýynda müdirligimiziň zähmet toparlary hereket edýän guýulardan 173 müň 748 tonna nebit çig malyny çykaryp, meýilnama artygy bilen hötde geldiler. Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan «gara altynyň» üçden birine barabarynyň biziň müdirligimize degişlidigine bolsa has hem guwanýarys. Müdirligimiz boýunça hasabat döwründe guýulardan 66 million kub metre barabar tebigy gaz almak