«Delo» kompaniýalar topary Hindistana we BAE ýük daşamakda elektron resminama dolanşygyny synagdan geçirer

26 Mart 2024
233

«Delo» kompaniýalar topary Moskwadan Hindistana we Birleşen Arap Emirliklerine (BAE) ýokary tehnologiýaly ýük daşamakda elektron resminama dolanşygyna geçmek boýunça synaglary geçirmegi meýilleşdirýär.

Bu barada kompaniýanyň maglumat tehnologiýalary boýunça direktorynyň orunbasary Kirill Zaharowyň «TransRussia-2024» forumynyň barşynda eden çykyşyna esaslanýan «ТАСС» habar berýär. Synag taslamasynyň şu ýylyň 1-nji aprelinde başlanjak Milli sanly ulag-logistika platformasynyň kömegi bilen durmuşa geçirilmegine garaşylýar.