Gaz we elektrik energetikasy pudagynda Türkmenistanyň geljegi uludyr

25 Mart 2024
266

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden giň gerime eýe boldy. Iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda has-da üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda energetika senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem giň mümkinçilikler döreýär. Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meseleler özüniň oňyn çözgüdine garaşýar.

Toýly ATAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap prokuraturasynyň prokurorynyň kömekçisi.