Hytaýyň awtoulag senagaty ýük ulaglarynyň bazarynda öňdebaryjylygy saklaýar

29 Mart 2024
304

Şu ýylyň fewralynda Russiýada Hytaýyň awtoulag markalarynyň satuwy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 37% artyp, 6 457 birlige ýetdi. Munuň özi hasabat döwründe bellige alnan ähli awtoulaglaryň 62 %-ini emele getirdi. Şol döwürde Russiýada öndürilen ýük awtoulaglarynyň satuwynyň 9% azalandygyny we 2630 birlige ýetendigini bolsa «Autostat Info» habar berýär.

Hasabat döwründe «Sitrak» kysymly awtoulagyň satuwy 557 göterim ösüp, 1477-den 2294 birlige çenli artdy. Satylan sany iň kän bolan hytaý brendleriniň arasynda ikinji netijäni «Sachman» görkezdi. Onuň satuwy 1188-den 1255 birlige çenli, mahlasy 67% ýokarlandy. Hytaýyň ýük awtoulaglarynyň arasynda üçünji orny fewral aýynda satylan sany 882 awtoulaga ýeten «FAW» eýe boldy. Bu netijäniň bir ýyl mundan ozalky 795 birlige barabar bolan görkezijiden 11% köpdügini bellemek gerek. Galyberse-de, fewralda satylan hytaý brendlerinden «Dongfeng» (satylan nusgasy – 696) hem-de «Howo» (443) öňdäki bäşligi jemlediler.