«ONE» 2030-njy ýyla çenli konteýner flotunyň kuwwatyny 3 million TEU ýetirer

27 Mart 2024
248

Ýaponiýanyň iň uly ulag korporasiýalarynyň üçlüginiň — «NYK», «MOL» we «K-line» kompaniýalarynyň konteýner amallary boýunça mümkinçiliklerini birleşdirmek arkaly döredilen tarapyň konteýner flotunyň kuwwatyny 2030-njy ýyla çenli 3 million TEU barabar bolan görkezijä ýetirmek üçin 25 milliard dollar harçlanjakdygynyň «Shipping Watch» tarapyndan habar berlendigini  «ТАСС» mälim edýär.

Ýanwarda «One» Hytaýyň iki gämi abatlaýyş kärhanasyna 13 müň TEU kuwwatly 12 goşa ýangyçly konteýner gämisini gurmak baradaky buýurma bilen ýüz tutdy. «ONE» şertnama bildirişinde sargyt edilen gämileriň ilkinji metanol gämisi boljakdygyny we toparyň ýaşyl strategiýasynyň bir bölegi hökmünde geljekki ekologiki flotuň özenini düzjekdigini aýtdy.