Nebitçileriň ynamly gadamlary

25 Mart 2024
385

Nebitgaz pudagynyň netijeliligi köp derejede dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, onuň işiniň oýlanyşykly özgerdilmegine baglydyr. Oňyn netijeleri almak bolsa, ilkinji nobatda, pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan, olary işe girizmekden ybaratdyr. Bu ugurda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligimizde hem döwrebap işler bitirilýär.

Tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda döwrebap täzelenişi yzygiderli başdan geçirýän müdirligimiz konserniň düzümindäki nebiti, gazy, ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly gaýtadan işleýjilere akdyrmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalaryň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen iki aýynda müdirligimiziň zähmet toparlary hereket edýän guýulardan 173 müň 748 tonna nebit çig malyny çykaryp, meýilnama artygy bilen hötde geldiler. Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan «gara altynyň» üçden birine barabarynyň biziň müdirligimize degişlidigine bolsa has hem guwanýarys. Müdirligimiz boýunça hasabat döwründe guýulardan 66 million kub metre barabar tebigy gaz almak baradaky meýilnamanyň 137 göterimden geçirilip berjaý edilendigini hem belläsimiz gelýär.

Saparbibi ORAZNEPESOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.