Türkmenistanda halkara derejeli sürüjileri taýýarlamak boýunça okuw merkezi açylar

1 Aprel 2024
223

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýükleri awtoulagda daşamak ulgamynda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýükleri awtoulagda daşamagyň geografiýasyny giňeltmäge, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary amala aşyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) agzasy bolup durýan “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde yzygiderli seljerme işleri geçirilýär. Onuň netijeleri boýunça halkara daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagyň zerurdygy kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýdyldy.