Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary bölegi aprel aýynda açylar

1 Aprel 2024
129

Türkmenistanda aprel aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy bolar. Bu barada 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmak üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.