Milli senagatyň täze mümkinçilikleri

26 Mart 2024
293

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak arkaly beýik sepgitlere ýetmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Bu bolsa, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen özgertmegiň netijesinde, ykdysady görkezijileriň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şeýle netijeleriň gazanylmagynda hormatly Prezidentimiziň badalga beren maksatnamalarynyň ähmiýeti örän uludyr. Eziz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji martda Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda täze senagat desgasynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy bu pudaga döwlet derejesinde uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi sebitiň, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýetli wakadyr.

Ýurdumyzda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalar gurlup, önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleri öndürilýär. Lebap welaýatyndaky zawodda ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda açylan Lebap sement zawody bu ugurda nusgalyk önümçilik desgasy bolup durýar. Bu iri kärhana täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşýar, ýokary hilli önümleri bilen, ýurtda barha ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklaryň güýçli depgininiň gazanylmagyna ýardam edýär. Gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleri, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawy, telekeçiligiň goldanylmagy şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşýar.

Wepa MÄMIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.