Italiýanyň «Lamborghini» kompaniýasy soňky 20 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini üýtgetdi

1 Aprel 2024
127

Italiýanyň «Lamborghini» kompaniýasy soňky 20 ýylyň içinde ilkinji gezek logotipini üýtgetdi. Kompaniýanyň täze nyşanynda öküziň şekili saklanyp galdy, ýöne ol birneme «gaharyndan köşeşdirildi» hem-de reňkine üýtgeşmeler girizildi.

Täze «Lamborghini» logotipinde esasy reňkler gara we ak bolup, sary we altynsow reňkler bolsa goşmaça öwüşgin berijiler hökmünde ulanyldy. Reňkleriň ählisi has öçügsi edildi. Kompaniýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, täze logotipiň ilkinji gezek «Huracan» mirasdüşeri boljak superkarda ulanylmagyna garaşylýar. Şeýle-de öçügsi hala getirilen nyşan «Urus» krossoweriniň täzelenen wersiýasynda we «Revuelto» flagmanyna goýlar.

Maral GULOWA
Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.