Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artýar

27 Mart 2024
296

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň agzybirliginiň, jebisliginiň, Watanymyzyň kuwwatynyň barha berkeýändigine hem-de bu berkarar ýurduň bagtyýar raýatydygyňa buýsanjyňy artdyrýar.

Ýurdumyzda giň gerimde bellenilip geçilýän şanly seneler mynasybetli medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň yzygiderli ulanmaga berilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu halkymyzy ýeneki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Geljekde uly üstünlikleriň gazanylmagynda bolsa, şu günki ýaş nesliň bilimli we giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, sagdyn, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ökdelik bilen baş çykaryp bilýän adamlar bolup ýetişmekleri ilkinji şertleriň biridir. Şol esasdan, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde edilýän alada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň özenini düzýär diýip, ynamly aýdyp bileris.

Gurbanmyrat Söýünow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.