Guwandyryjy görkezijiler aýdyň maksatlara atarýar

25 Mart 2024
388

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlaryny üstünlikli jemlemek bilen, mart aýynyň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki günlerde alyp barýan gündelik wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Edaranyň gazçylarynyň etrabyň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän derwaýys işleri bilen ýakyndan tanyş bolmak maksadynda ol ýerde bolanymyzda, bu zähmet köpçüliginiň işçi-hünärmenleriniň dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 1 müň kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 342 sanysyna ýokary derejede hyzmat edýändikleriniň şaýady bolduk. Gaz hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Bekdurdy Babaýewiň gürrüňlerine görä, edaranyň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde Boldumsaz şäherinde we etrabyň oba ýerlerinde ýaşaýan 13 müňden gowrak hojalygyň ilatynyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmegine zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».