Türkmenistandaky gämi abatlaýyş zawody deňziň düýbüni çuňaldyjy gämini ýygnap başlar

1 Aprel 2024
178

Türkmenistandaky «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Damen Shipyards Group» kompaniýasynyň inženerleriniň gözegçiligi astynda «Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnap başlar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, «Damen CSD 650» kysymly deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnamak «Söwda Gurluşyk Maslahat» hojalyk jemgyýetiniň sargydy bilen amala aşyrylýar. Bu taslama taýýarlyk görmek üçin Balkan zawodynyň baş direktorynyň orunbasary ýakynda Niderlandlar Patyşalygynyň Nijerkerk şäherinde iş saparynda boldy we şol ýerde deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň synag işlerine gatnaşdy. Bu bolsa onuň tehniki häsiýetleri we işleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga, şeýle hem Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini ýygnamak üçin taslama resminamalarynyň we gäminiň böleklerini ýygnamagynyň usullaryny taýýarlamaga mümkinçilik berdi.