"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

El hünäri il gezer

Şu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «El hünäri il gezer» atly  dabaraly duşuşyk geçirildi.  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşyga ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Heýkeliň täze ömri

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet müdirliginiň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin yglan edilen bäsleşikde muzeýiň hödürlän taslamasy, ýagny Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkeli rejelemek boýunça taslamanyň saýlanandygy mynasybetli dabara geçirildi. Bu heýkel 1960 — 1978-nji ýyllarda Günorta Türkmenistan arheologiýa toplumlaýyn ekspedisiýasynyň agzalary tarapyndan «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Gäwür gala ýadygärliginden tapylypdyr. Şondan bäri bu heýkel muzeýiň gaznasynda saklanylýar. Dabarada çykyş edenler türkmen-amerikan medeni hyzmatdaşlygynyň barha giň gerime eýe bolýandygyny, iki dostlukly halkyň hünärmenleriniň şeýle iri göwrümli taslamalary amala aşyrmaga işeňňir gatnaşýanlygyny buýsanç bilen bellediler.

Akyldaryň şygyrlarynda tebigat pelsepesi

Ynsanyň millet hökmünde kemala gelmegine, milli häsiýetine, ýörelgedir däp-dessurynyň, aň-düşünjesiniň, paýhasynyň, milli diliniň kämilligine we labyzdyr äheňine gönüden-göni tebigat we ynsan tebigaty täsir edýär. Halk hökmünde binýat tutan ruhy gymmatlyklaryny hem tebigatdan üzňe göz öňüne getirip  bolmaz. Şol ruhy gymmatlyklaryň biri hem şygryýetdir. Türkmen halkynyň buýsanjynyň we guwanjynyň naýbaşylarynyň biri bolan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň jümmüşinde türkmen tebigaty we onuň many-mazmunyndan syzylyp çykýan milli häsiýet çaýylan umumadamzat bähbitli filosofiýa öz beýanyny tapýar. Ussadyň şygyrlary köpgyraňlylygy bilen okyjylaryň, alymlaryň we pelsepeçileriň ünsüni özüne çekýär. Onuň şygyrlarynda diliň tebigaty, paýhas tebigaty, tebigy tebigat birleşip bitewi bir ylahy tebigaty kemala getirýär. Magtymgulynyň şygyrlaryndaky ynançlar hem türkmen tebigatyna berk baglydyr. Magtymguly Pyragynyň dünýägaraýşyna, ilki bilen, atasy Döwletmämmet Azady täsir edýär. Şonuň üçin hem onuň okumyşlygy sygryýetiň tebigatyny örboýuna galdyrýar. Ol öz döwrüniň dünýä edebiýatyny näçe köp okasa-da, türkmen pelsepesiniň milli häsiýetinden daşlaşman, gaýta türkmen diliniň esasyny goýmaga mümkinçilik gazanýar. Ir zamanda söz göze görünmeýän guş hasaplanypdyr. Şol nukdaýnazardan, orta asyrda nusgawy edebiýatda «Guş dili» taglymaty kemala gelipdir. Bu barada Magtymguly Pyragy «Tilim guş

«Goý­ber­dim ta­zy­ny, uçur­dym gu­şy»

Hal­ky­my­zyň ga­dy­my dö­wür­ler­den bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ge­lip ýe­ten iň öz­bo­luş­ly däp­le­ri­niň bi­ri-de el­guş, ta­zy ar­ka­ly aw et­mek­dir. Te­bi­gat bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­da bo­lan bu däp türk­men hal­ky­nyň ru­hy mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de Türk­me­nis­ta­nyň El­guş aw­çy­la­ry mil­li jem­gy­ýe­ti dö­re­dil­di. Bu jem­gy­ýet El­guş aw­çy­la­ry­nyň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy­dyr. Türk­men mü­rüş­gär­le­ri en­çe­me ge­zek dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len fo­rum­la­ry­na gat­na­şyp, el­guş­lar bi­len aw aw­la­mak bo­ýun­ça ge­çi­ri­len hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri bol­du­lar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy çuň­ňur öw­re­ni­lip, ne­sil­me-ne­sil do­wam edip gel­ýän türk­me­niň aw­çy­lyk sun­ga­ty kä­mil­leş­ýär we ös­ýär.  Žur­na­lymyzyň şu sa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň El­guş aw­çy­la­ry mil­li jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy Mak­sat Tu­gu­row bi­len söh­bet­deş­li­gi oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­tir­ýä­ris. — Ata-babalarymyz awa çykanlarynda elmydama elguşy we tazysy bilen ýola düşüpdirler. Olar bu iki aw jandarynyň sazlaşykly işlemegini gazanypdyrlar. Maksat, bu sungatyň aýratynlygy barada aýdaýsaňyz.

Gazma dutardan söz açyp

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, köpasyrlyk taryhymyzy düýpli öwrenip, ýaş nesillere ýetirmekde we dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzda uly joşgun döretdi. Biz hem Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, dutar ýasamak senetçiligi bilen meşgullanýan, 70 ýaşy arka atan Bekdurdy Ataýew bilen söhbetdeş bolduk. — Bu günki gün hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy aýap saklamakda, ony dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Mende dutar ýasamak höwesi oglanlyk döwrümde başlady. Bu arzuwlar meniň öz döwrüniň görnükli dutar ussasyna, kakamyň doganoglany Aýdogdy Nurmuhammedowa şägirt bolmagyma sebäp boldy. Hormatly käriň eýesi bolmagymda halypamyň hyzmaty örän uludyr.

Mähribanlyk maňzyndady-maňzynda

Mylaýymdan gelen mahmal ýaly goşgulary bilen türkmen edebiýatynyň ösüşine saldamly goşant goşan Juma Ilmyradow 1918-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Saýat etrabynyň Esgi obasynda dogulýar. Başlangyç bilimi oba mekdebinde alýar we soňra Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki Türkmenpedtehnikumda, Aşgabatdaky pedagogik institutda gaýybana okaýar. Soňra mekdep mugallymy, mekdep direktory, etrap gazetiniň redaktory, Ýazyjylar soýuzynyň edebi maslahatçysy, Çärjew telestudiýasynyň uly redaktory, welaýat gazetiniň bölüm müdiri ýaly wezipelerde işleýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, şol wagtky welaýat gazetine işe ugradylypdym. Işe ýollanma haty, diplomdyr beýleki resminamalar bilen baş redaktoryň ýanyna girmek üçin kabulhanada garaşyp otyrdym. Baş redaktoryň welin, ýanynyň boş wagty ýokdy. Gazetiň işgärleriniň biri girse-biri çykyp, aýagy bişen dek zowzanaklap ýörüşlerine haýran galyp syn edýärdim. Soň görüp otursam-a, bu ýerde haýran galar ýaly zat ýok eken. Hepdede bäş gezek çap edilýän welaýat gazetini okyjylaryň göwnünden turar ýaly makalalar bilen doldurjak bolsaň, baý zowzanakladýar eken-ow. Men muňa gazetde işläp başlanymdan soň düşündim. Işläp başlamak üçinem baş redaktoryň ygtyýaryna iberilipdim. Kätip zenan yşarat bilen meniň giribermelidigimi duýdurdy. Redaksiýanyň jaýy şol döwürde Türkmenabat şäheriniň demirýol menziliniň golaýynda, köp gatnawly demir ýoluň ý

Ene göreldesi ezizdir

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Häsiýet Asadowa mähriban käbesini dury akaba meňzedýär. Pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Rysalat Asadowa hoşgylaw alym zenandygy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri, zähmetsöýerligi bilen köpe nusgalykdy. Ýurdumyzda giňden tanalan, ömrüniň ahyryna çenli ady agzalan ýokary okuw mekdebinde talyplara sapak beren, birnäçe aspirantlaryň halypasy bolan alym zenanyň gyzy Häsiýet Asadowadan mährem ene, zehinli alym zenan barada ýakymly ýatlamalary gürrüň bermegini haýyş etdik. — Häsiýet mugallym, söhbedimiziň başyny mähriban käbäňiz bilen baglanyşykly ýatlamalardan başlaýaly.

Dowarlar düzleri bezär, çarwalar — sözleri

Çöl durmuşyna belet çarwalar dowarlar bilen baglanyşykly aňlatmalaryň birnäçesini döredipdirler. Ilat arasynda bolup, çopan-çoluklaryň ulanýan sözleriniň manysy hakynda ýygnan maglumatlarymyzyň käbirini size ýetirmegi makul bildik. Çopançylykda goýnuň çep gulagyny «tutargulak» diýip atlandyrýarlar. Goýnuň çep gulagyndan tutulanda, çopanyň ýa-da çolugyň sag eline amatly bolýar. Goýnuň sag gulagyna bolsa «gaýtargulak» diýilýär. Çünki çopanlaryň iş tejribesinde dowar sürüsi sagyndan gaýtarylýar.

Iki bagban

Gadym zamanlarda iki bagban bolupdyr. Olaryň ikisiniň hem baglary bereketli hasyl eçilýär eken. Bagda dürli miweler ýetişýärmiş. Olar diýseň datly miwelermiş. Onsoň hemmeler şol miwelerden iýermenmiş. Bagbanlaryň biri ilki ýaş çagadyr ýetginjeklere bilim, ýaşlara ylymdyr hünär miwelerinden hödür edýän eken. Ol miwelerden dadanlar hem bagban ýaly bag ýetişdirip, miwesini hemmeler bilen paýlaşar eken. Ýöne beýleki bagban beýtmändir. Ol husyt eken. Wagtyň geçmegi bilen, ikinji bagbanyň bagy solup, agaçlary guraýar. Çünki onuň bagyna husytlyk, ulumsylyk gurçuklary aralaşyp, ýekelik ýeli öwsüp başlanmyş. Beýleki bagbanyň bagynda bolsa, miweleriň has datly görnüşleri hem peýda bolup, sylag-hormat şemaly öwsüpdir, ýagýan ýagmyram bereket seçipdir. Muny gören goňşy bagban haýran galypdyr.

Türkmen keçeleri ― milliligiň nusgasy

Ene-mamalarymyzdan bize miras galan keçe sungatyny has-da kämilleşdirmek hem-de bu sungaty geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde ýurdumyzdaky dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Gülüň owadan!» atly bäsleşik yglan etdi. 27-nji iýulda hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezinde bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Onuň birinji şertinde türkmen milli keçesini taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek we keçäni taýýarlamak üçin zerur bolan gurallar hakynda gürrüň bermek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ikinji şertde welaýat aýratynlyklaryna laýyklykda, gadymy milli nagyşlary salyp keçe güllemeli. Üçünji şertde bolsa, gözellik sungaty bolan keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary, nagyşlaryň gelip çykyşyny şahyrana setirleriňdir  sahna oýunlarynyň üsti bilen beýan etmek boýunça bäsleşdiler.

Ak pata ak ýola atarýar

Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri perzentlerine halypalardan ak pata alyp, hünär öwrenmekligi ündäpdirler. Halkymyzyň arasynda ussatlardan ak pata alan şägirtleriň işiniň rowaç boljakdygyna ynanylypdyr. «Görogly» şadessanynda Agaýunus peri Görogla Harmandäliniň ýanyna gidende, Aşyk Aýdyň pirden pata alyp gitmegi maslahat berýär. Görogly beg öz güýjüne ynanyp, ak patasyz ýola düşüp, Harmandäliden ýeňilýär.

Bahyl adam

Bir ýolagçy ýol bilen barýarka, ýolda sataşan biri ondan: — Nirä barýarsyň? — diýip soraýar. Onda ýolagçy:

Ähli zat — öz eliňde

Gadym zamanlarda kiçeňräk obalaryň birinde öňdengörüji akyldar ýaşapdyr. Uly il dürli mesele boýunça oňa sala salypdyr. Ol özüne ýüz tutanlaryň her birini diňläp, degerli maslahatlary beripdir. Şonuň üçinem bu salykatly, sabyr-takatly kişiniň mertebesi gün-günden artyp, ady alys ülkelere ýaýrapdyr. Günleriň birinde çetki obalardan bir adam akyldaryň at-abraýyna bahylçylyk edip, ony synap görmegi we il içinde masgara etmegi ýüregine düwüpdir. Ol bir kebelegi tutup: «Ýanyna baranymda, elimdäkiniň diridigini aňsa, ony mynjyradaryn. Eger «öli» diýse-de, uçuryp goýbererin» diýip, içini güldüripdir. Köpçüligiň üýşen çagynda-da ol akyldara ýüzlenip: «Bilgiç bolsaň, aýt, bakaly, elimdäki dirimi ýa öli?!» diýipdir.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň „Toý mekany“ medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden „Gülüň owadan!“ atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Haçanda, gözellik dünýäsiniň uç-gyraksyz ummanyny ýada salýan gözellige gözüň düşende, göwnüň göterilip, kalbyň ganatlanan ýaly bolýar. Ene-mamalarymyzyň paýhas eleginde gaýnap, sünnälenen her bir milli mirasymyz nepisligi, gözelligi bilen göreni özüne bendi edýär. Soňsuz gözellikleriň melul ediji dünýäsine seýrana çykan ýaly bolýarsyň. Bu gezegem şeýle boldy. Ene-mamalarymyzyň sünnäli el işleri, öýlerimiziň törüniň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek, ýaşlarda tebigy gözelligi, türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan nusga bolup galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen „Gülüň owadan!“ atly bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy. Onda welaýat tapgyrlaryndan ýeňiji bolup gelen gelin-gyzlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Birinji şerte laýyklykda, zenanlar türkmen milli keçesini taýýarlamak üçin ýüň saýlap almak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, keçäniň görnüşlerini, ony taý

Bagta sebäp

(Bolan waka) Oguldurdy daýza uzak ýyllardan bäri teşne kalbyna tesellini köne sandygyndaky Magtymguly Pyragynyň goşgular kitabyndan gözleýärdi. Göwnüne aralaşan gaýgy-aladany goşgular bilen egismegi endik edinen ene şol kitaby eline alyp, maňlaýyna sylmadyk güni janyna ýer tapanokdy.

Ýaş senetkäriň ussatlygy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Döwletli dowamaty mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik ösüşleriň nurana ýolundan ynamly öňe barýan ata Watanymyzda milli medeni mirasymyzy öwrenmek, ony aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Dünýä mirasynyň görnükli sanawynda mynasyp orun alan milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biri hem türkmen halkynyň parahatlyk kelamyny şirin owazy bilen beýan edýän türkmen dutarydyr. Bu saz guralynda ýerine ýetirilýän aýdymdyr sazlaryň adamlary ruhubelentlige, agzybirlige çagyrmakda aýratyn hyzmaty bardyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda milli senetçiligimiz bolan dutar ussaçylygyna uly orun degişlidir. Bu senet dutar ussalarynyň kämil döredijiliginiň, ýiti gözlegleriniň netijesinde kemala gelendir. Dutary, gyjagy sünnäläp ýasamagy ussatlarça başarýan ýaş dutar ussalarynyň biri welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginiň ýaşaýjysy Maksat Magtymowdyr. Ylahy zehiniň eýesi Maksadyň ýasan dutarlary, gyjaklary ýurdumyzyň birnäçe ussat bagşy-sazandalarynyň elinde saýraýar.

AKYL ÇEŞ­ME­SI

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len şa­hy­ryň hal­ky­my­za go­ýan ede­bi mi­ra­sy­ny do­lu­ly­gy­na öw­ren­mäge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär.

Alty ganat ak öýüň ýaraşygy sallançak

«7/24. tm», № 30 (113), 25.07. 2022 Sallançak. Bu sözi agzanyňda türkmen töründe içi bäbekli, saçak ýaly keremli, dowamaty dowam edýän nesil daragty göz öňüňe gelýär. Bäbek üçin ene gujagynyň dowamy sallançakdyr.

«Milli mirasym — hazynam»

Şeýle at bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde senetkärleriň sergi bäsleşigi geçirildi. Welaýat medeniýet müdirliginiň TMÝG-niň welaýat geňeşi bilen bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda milliligi, hünär öwrenmegi wagyz etmek maksadynda geçirilen bu bäsleşikde milli amaly-haşam sungatymyzyň köpöwüşgünliligi we baý mazmuny öz beýanyny tapdy. Muzeýiň sergi zalynda goýlan işleri synlanyňda milli mirasymyzyň gymmatly genji-hazynasy hasaplanýan possunçylyk, dutar,gyjak ýasamak, küýzegärçilik, keşdeçilik, dokmaçylyk, agaç we demir ussaçylygy, keçe basmak, tikinçilik ýaly inçe senetleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşde, baý mazmunda dowam etdirilýändigine, ösdürilýändigine göz ýetirýärsiň.

Nepislik äleminiň soltany

Zenanlarymyzyň sülük barmaklarynyň gudratyndan döreýän islendik el işlerini alanymyzda, bu hakykata göz ýetirmek bolýar. Türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň döreden keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Ýürek mähri siňdirilip, yhlas bilen döredilen eserleriň her biri deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak ajaýyp sungat eserine deň. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen zenanlary il-halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý eden mähribanlardyr. Keşdeçilik milli buýsanjymyza öwrülen el hünärleriniň biri. Ol juda irginsiz zähmeti talap edýär. Keşdeçiligiň özboluşly usullaryny, inçe tärlerini eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredip gelipdirler. Çeper el hünäriniň elden-ele, nesilden-nesle geçmegi, kämilleşdirilip, döwrebap derejede ösdürilmegi babatda döwletimiz tarapyndan ähli amatlyklar döredilýär. Ene-mamalarymyzyň köpasyrlyk, baý tejribesine daýanylyp, gadymy nusgalaryň görnüşleri öwrenilip, olar döwrebap derejede baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly kitap hem bu ajaýyp sungatyň inçe syrlaryny, gaýtalanmajak gözelligini, deňsiz-taýsyz tarypyny beýan edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda türkmen gelin-gyzlarynyň eline gowşan bu kitap diňe bir many-mazmun babatda däl, eýsem, keşd