Dowarlar düzleri bezär, çarwalar — sözleri

27 Iýul 2022
680

Çöl durmuşyna belet çarwalar dowarlar bilen baglanyşykly aňlatmalaryň birnäçesini döredipdirler. Ilat arasynda bolup, çopan-çoluklaryň ulanýan sözleriniň manysy hakynda ýygnan maglumatlarymyzyň käbirini size ýetirmegi makul bildik.

Çopançylykda goýnuň çep gulagyny «tutargulak» diýip atlandyrýarlar. Goýnuň çep gulagyndan tutulanda, çopanyň ýa-da çolugyň sag eline amatly bolýar. Goýnuň sag gulagyna bolsa «gaýtargulak» diýilýär. Çünki çopanlaryň iş tejribesinde dowar sürüsi sagyndan gaýtarylýar.

Muhammet POLADOW,
Dänew etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy, mirasgär.