Mähribanlyk maňzyndady-maňzynda

27 Iýul 2022
798

Mylaýymdan gelen mahmal ýaly goşgulary bilen türkmen edebiýatynyň ösüşine saldamly goşant goşan Juma Ilmyradow 1918-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Saýat etrabynyň Esgi obasynda dogulýar. Başlangyç bilimi oba mekdebinde alýar we soňra Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherindäki Türkmenpedtehnikumda, Aşgabatdaky pedagogik institutda gaýybana okaýar. Soňra mekdep mugallymy, mekdep direktory, etrap gazetiniň redaktory, Ýazyjylar soýuzynyň edebi maslahatçysy, Çärjew telestudiýasynyň uly redaktory, welaýat gazetiniň bölüm müdiri ýaly wezipelerde işleýär.

Ýokary okuw mekdebini tamamlap, şol wagtky welaýat gazetine işe ugradylypdym. Işe ýollanma haty, diplomdyr beýleki resminamalar bilen baş redaktoryň ýanyna girmek üçin kabulhanada garaşyp otyrdym. Baş redaktoryň welin, ýanynyň boş wagty ýokdy. Gazetiň işgärleriniň biri girse-biri çykyp, aýagy bişen dek zowzanaklap ýörüşlerine haýran galyp syn edýärdim. Soň görüp otursam-a, bu ýerde haýran galar ýaly zat ýok eken. Hepdede bäş gezek çap edilýän welaýat gazetini okyjylaryň göwnünden turar ýaly makalalar bilen doldurjak bolsaň, baý zowzanakladýar eken-ow. Men muňa gazetde işläp başlanymdan soň düşündim. Işläp başlamak üçinem baş redaktoryň ygtyýaryna iberilipdim. Kätip zenan yşarat bilen meniň giribermelidigimi duýdurdy. Redaksiýanyň jaýy şol döwürde Türkmenabat şäheriniň demirýol menziliniň golaýynda, köp gatnawly demir ýoluň ýakasynda ýerleşýärdi. Kätip zenanyň maňa yşarat etmegi bilen, uzyn tirkegli ýük otlusynyň şakyrdysy daş-töwregi lerzana getirdi. Şol alagopgynyň arasynda men baş redaktoryň ýanyna girmeli boldum. Salam berip içerik girdim. Iş otagynyň töründe saçy dik arkan serpilen, ýüz-gözleri haýbatlydan nurana, dolmuşdan daýanykly baş redaktor otyrdy. Ol Möwlam Nobatow diýilýän adamdy. Otlynyň şakyrdysyndan ýaňa ses-üýn alşar ýaly däldi. Baş redaktor bir zatlar gürleýärdi, menem baş atyp durdym. Ahyr imisalalyk boldy. Onýança baş redaktor ýerinden turup:

Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.