Heýkeliň täze ömri

28 Iýul 2022
792

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet müdirliginiň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin yglan edilen bäsleşikde muzeýiň hödürlän taslamasy, ýagny Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkeli rejelemek boýunça taslamanyň saýlanandygy mynasybetli dabara geçirildi.

Bu heýkel 1960 — 1978-nji ýyllarda Günorta Türkmenistan arheologiýa toplumlaýyn ekspedisiýasynyň agzalary tarapyndan «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Gäwür gala ýadygärliginden tapylypdyr. Şondan bäri bu heýkel muzeýiň gaznasynda saklanylýar. Dabarada çykyş edenler türkmen-amerikan medeni hyzmatdaşlygynyň barha giň gerime eýe bolýandygyny, iki dostlukly halkyň hünärmenleriniň şeýle iri göwrümli taslamalary amala aşyrmaga işeňňir gatnaşýanlygyny buýsanç bilen bellediler.

Ogulmaral ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy hünärmeni.