Ene göreldesi ezizdir

27 Iýul 2022
657

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Häsiýet Asadowa mähriban käbesini dury akaba meňzedýär. Pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Rysalat Asadowa hoşgylaw alym zenandygy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri, zähmetsöýerligi bilen köpe nusgalykdy. Ýurdumyzda giňden tanalan, ömrüniň ahyryna çenli ady agzalan ýokary okuw mekdebinde talyplara sapak beren, birnäçe aspirantlaryň halypasy bolan alym zenanyň gyzy Häsiýet Asadowadan mährem ene, zehinli alym zenan barada ýakymly ýatlamalary gürrüň bermegini haýyş etdik.

— Häsiýet mugallym, söhbedimiziň başyny mähriban käbäňiz bilen baglanyşykly ýatlamalardan başlaýaly.

Söhbetdeş bolan Mahym ROZYÝEWA.