Halkymyzyň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli gelip ýeten iň özboluşly däpleriniň biri-de elguş, tazy arkaly aw etmekdir. Tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan bu däp türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Elguş awçylary milli jemgyýeti döredildi. Bu jemgyýet Elguş awçylarynyň halkara assosiasiýasynyň doly hukukly agzasydyr. Türkmen mürüşgärleri ençeme gezek dünýäniň dürli künjeklerinde ýöriteleşdirilen forumlaryna gatnaşyp, elguşlar bilen aw awlamak boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynyň ýeňijileri boldular. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasy çuňňur öwrenilip, nesilme-nesil dowam edip gelýän türkmeniň awçylyk sungaty kämilleşýär we ösýär.
Žurnalymyzyň şu sanynda Türkmenistanyň Elguş awçylary milli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Maksat Tugurow bilen söhbetdeşligi okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.
— Ata-babalarymyz awa çykanlarynda elmydama elguşy we tazysy bilen ýola düşüpdirler. Olar bu iki aw jandarynyň sazlaşykly işlemegini gazanypdyrlar. Maksat, bu sungatyň aýratynlygy barada aýdaýsaňyz.