Ýaş senetkäriň ussatlygy

27 Iýul 2022
670

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Döwletli dowamaty mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik ösüşleriň nurana ýolundan ynamly öňe barýan ata Watanymyzda milli medeni mirasymyzy öwrenmek, ony aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Dünýä mirasynyň görnükli sanawynda mynasyp orun alan milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarynyň biri hem türkmen halkynyň parahatlyk kelamyny şirin owazy bilen beýan edýän türkmen dutarydyr. Bu saz guralynda ýerine ýetirilýän aýdymdyr sazlaryň adamlary ruhubelentlige, agzybirlige çagyrmakda aýratyn hyzmaty bardyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda milli senetçiligimiz bolan dutar ussaçylygyna uly orun degişlidir. Bu senet dutar ussalarynyň kämil döredijiliginiň, ýiti gözlegleriniň netijesinde kemala gelendir.

Dutary, gyjagy sünnäläp ýasamagy ussatlarça başarýan ýaş dutar ussalarynyň biri welaýatymyzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginiň ýaşaýjysy Maksat Magtymowdyr. Ylahy zehiniň eýesi Maksadyň ýasan dutarlary, gyjaklary ýurdumyzyň birnäçe ussat bagşy-sazandalarynyň elinde saýraýar.