Ähli zat — öz eliňde

27 Iýul 2022
619

Gadym zamanlarda kiçeňräk obalaryň birinde öňdengörüji akyldar ýaşapdyr. Uly il dürli mesele boýunça oňa sala salypdyr. Ol özüne ýüz tutanlaryň her birini diňläp, degerli maslahatlary beripdir. Şonuň üçinem bu salykatly, sabyr-takatly kişiniň mertebesi gün-günden artyp, ady alys ülkelere ýaýrapdyr.

Günleriň birinde çetki obalardan bir adam akyldaryň at-abraýyna bahylçylyk edip, ony synap görmegi we il içinde masgara etmegi ýüregine düwüpdir. Ol bir kebelegi tutup: «Ýanyna baranymda, elimdäkiniň diridigini aňsa, ony mynjyradaryn. Eger «öli» diýse-de, uçuryp goýbererin» diýip, içini güldüripdir. Köpçüligiň üýşen çagynda-da ol akyldara ýüzlenip: «Bilgiç bolsaň, aýt, bakaly, elimdäki dirimi ýa öli?!» diýipdir.

Iňlis dilinden terjime eden Jennet KERIMBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.